Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Medeniýet – ynsan köňlüniň nury» atly edebi agşam geçirildi.
Çärä tanymal medeniýet we sungat ulgamynda zähmet çekýän ussat halypalar çagyryldy. Edebi agşamda çykyş edenler ýurdumyzyň medeni pudagynda alnyp barylýan işler barada, döredijilik ussatlarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanan üstünlikleri, şeýle hem ýakyn wagtda giňden belleniljek Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe taýýarlyk barada gürrüň berdiler. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmekde we türkmen halkynyň maddy hem ruhy gymmatlyklarynyň dünýä ýaýramagy üçin ähli şertler hem mümkinçilikler döredilýär.
Şu ýyl Arkadag şäherinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp Medeniýet hepdeligini geçiriler. Onuň çäginde dürli döredijilik işleri guralar, şonda Gündogaryň akyldar nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere aýratyn üns berler.