Ï «Türkmenistan» kinokonsert merkezi Operetta muşdaklaryny bir ýere jemledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenistan» kinokonsert merkezi Operetta muşdaklaryny bir ýere jemledi

view-icon 3100
«Türkmenistan» kinokonsert merkezi Operetta muşdaklaryny bir ýere jemledi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Operetta sazyň, sesiň we tansyň sintezidir. Adatça, gussaly gutarýan operadan tapawutlylykda operetta gülkünç äheňli bolýar. Iki asyr mundan ozal has meşhur bolan bu saz žanryna ýeňil, ötgür, şadyýan diýseň bolar, häzirem operetta muşdaklary bar. Hut operetta muşdaklary üçin Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdymçylary «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde konsert guradylar.

Konsert ýekelikde çykyşlar bilen başlandy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa Imre Kalmanyň «Monmartra benewşesi» operettasyndan Karambolinanyň ariýasyny ajaýyp ýerine ýetirdi. Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi Aýbölek Muhyýewa Pablo de Sarasatanyň «Sygan äheňlerini» ajaýyp ýerine ýetirip tomaşaçylary özüne bendi etdi.

Operettanyň söýgi temasyna bagyşlanýandygy sebäpli kompozitor Aýna Şirowa ýörite konserte niýetläp skripka we fortepýano üçin «Söýgi» romansyny ýazdy. Eseri skripkada Aýbölek Muhyýewa, fortepýanoda bolsa halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi Stella Faramazowa ýerine ýetirdiler.

Bilelikdäki aýdymlar operettada aýratyn gyzyklanma döredýär. Adelina Nazarowa we Begenç Moşiýew Uzeir Gajibekowyň «Arşyn mal alan» sazly komediýasyndan Telliniň we Welliniň partiýalaryny ussatlarça ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylar olaryň çykyşyny şowhunly el çarpyşmalar bilen mübäreklediler.

Joakkino Rossininiň «Pişikleriň aýdymy» atly gülkünç romansy tomaşaçylary güldürdi, onda ýaş we garry pişik söýgi wakalaryny ýatlaýar. Iki pişigiň (ýerine ýetirijiler Wera Bazarowa we Adelina Nazarowa) arasyndaky söhbetdeşlik terjimä mätäç däl, sebäbi olar diňe mawlaşýarlar, ýöne onuň röwüşleri gör, näçe diýsene!

Imre Kalmanyň «Silwa» operettasy konserti jemledi. Wera Bazarowa we Türkmenistanyň at gazanan artisti Hasan Jumaýew bilelikde uzyn oturgyçda oturyp Stassi bilen Edwiniň aýdymyny ýerine ýetirdiler. Soňra Wera Bazarowa Begenç Moşiýew bilen bilelikde Stassi we Boniniň rollarynda çykyş etdiler. Şeýle hem Begenç Moşiýew tomaşaçylaryň el çarpyşmalarynda «Dünýäde zenansyz durmuş bolmaýar, ýok!» diýen sözli iň meşhur operetta ariýasyny ýerine ýetirdi. Tomaşaçylar öz halan aýdymçysyny uzak wagtlap sahnadan goýbermediler.

Bu agşam operetta muşdaklary şadyýan saz žanrdan uly lezzet aldylar.