Tomusky dynç alyş möwsüminde «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde «Şadyýan tomus» atly konserti geçirildi. Oňa gatnaşyjylar körpeje we uly ýaşly tomaşaçylary ajaýyp tomsuň aýdymlary bilen bilelikde aýdym-sazly syýahata çagyrdylar.
Türkmenistanyň Ýaşlar bileleşiginiň baýragynyň eýesi Ýelena Oreşkinanyň ýerine ýetiren «Maýaminiň altynsow çägesi» şadyýan aýdymy hem «Gämijik» multfilminden «Çunga-Çanga» aýdymy ýaly tomaşaçylaryň göwnünden turdy. Ýelena Oreşkina aýdym aýdyp durka çagalary sahna çagyrdy, olardan has batyrgaýlary onuň bilen bilelikde banandyr kokosa baý ajaýyp Çunga-Çanga adasyna syýahat etdiler.
Irina Belýakinanyň ýolbaşçylygynda «Tandem» çagalar sazly-teatr studiýasynyň okuwçylary meşhur aýdymlaryň birnäçesini ýerine ýetirdiler. Çagalar häzirki ýaşaýan gowy dünýäsi hakda aýdym aýtdylar. Leýli Nasyrowanyň ýolbaşçylygyndaky Aşgabat şäherindäki 3-nji sazçylyk mekdebiniň gitaraçylar topary söýgüli aýdymlardan düzülen sazly pýesa (popurri) ýerine ýetirdiler.
«Elmaz» şou-baleti «Şadyýan tomus» konsertine aýratyn bezeg berdi, tomaşaçylar aýratynam «Sandyk adamjyklary» tansyny haladylar. Onda çykyş eden tansçylaryň iň ýaşajygy bary-ýogy üç ýaşynda.
«Fusion dansing house» toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «Altyn Asyr» çagalar tans ansamblynyň agzalary tomaşaçylary ussatlygy bilen özüne maýyl etdiler.
Konsert oňa gatnaşanlaryň ýerine ýetiren «Tomus» aýdymy bilen jemlendi, olar ýaşajyk we uly ýaşly tomaşaçylara tomusky dynç alyş möwsümini şatlykly geçirmegi arzuw etdiler.