Ï Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda täze oýun
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda täze oýun

view-icon 3740
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda täze oýun
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda Juma Hudaýgulyýewiň «Was-was» pýesasy esasynda «Sustluk» ady bilen sahnalaşdyrylan diplom işini tabşyrma çykyşy bolup geçdi. Bu iki aktýoryň gatnaşmagyndaky oýun. Onda maşgala durmuşyndaky hususy ýagdaýlar gozgalýar.

Iki sany aktýor bolup, tomaşaçylaryň ünsüni özüňe çekmek we ony bir sagatlap bozman saklamak aňsat iş däl, ýöne Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Drama režissýory» bölüminiň üçünji ýyl talyplary munuň hötdesinden aňsatlyk bilen geldiler. Kerim Ataýew we Gülşat Pygamowa geljekki režissýorlar, ýöne bu oýunda olar baş gahrymanlaryň keşplerini janlandyrmaklary, talyp ýoldaşy Ejegyz Rejebowa bolsa režissýorlyk etmegi bellenmäge mynasypdyr.

Institutyň ýolbaşçylary oýun şowly goýlan diýip ykrar etdiler we ony Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň repertuaryna goşdular. Bu üstünlikde oýnuň gülküli mowzugynyň-da paýy bar. Oýnuň baş gahrymany Sähetli goňşusynyň elektrik geçirijilerini bejerýärkä, ony tok urýar. Urgy ölüme sebäp bolanok, ýöne Sähetliniň aňy üýtgeýär. Oňa ýertitreme başlanýan ýaly, hemişe haýsydyr bir howp abanyp duran ýaly bolup görünýär.

Tylla adamsynyň ynjyklygyna diýseň sabyr bilen çydaýar, her hili ýol bilen ony köşeşdirmäge synanyşýar. Emma Tylla özüni syrkawlyga urup, diwanda bihal gyşaranda, Sähetli gaty gorkýar, şu gorky-da ony keselinden saplaýar.

Bu ýönekeý hekaýatyň mazmuny maşgalanyň her bir agzasy birek-biregiň aladasyny edýär, agzybir we abadan maşgalada hiç kimi kyn günde goýmaýarlar. Ýeri gelende aýtsak, «Sustluk» oýnunda rollary ýerine ýetirenler sahna sungatynyň muşdaklaryna režissýor hökmünde gowy tanyşdyrlar. Kerim Ataýewiň «Bu erkin kebelekler» oýny indi bir ýyl bäri A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda görkezilýär. Gülşat Pygamowa bolsa «Bu meniň ejem!» oýnunyň režissýorydyr, bu oýun hem uly üstünlik gazanyp, Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň repertuarynda özüne mynasyp orny eýeledi.