Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde serginiň dabaraly açylyşy boldy, onuň esasy maksady gelenlere toý kerweni, kejebe bezemek ýaly milli däplerini görkezmekdir.
Şeýle görnüşli sergi muzeýde ilkinji gezek guraldy. Onda toý kerweni, kejebe bezemegiň milli däp-dessurlaryny öwrenmek esasynda düýe bezemegiň ähli närseleri görkezilipdir. Sergide Döwlet muzeýiniň gaznasynda saklanýan gadymy gymmatlyklar ulanylypdyr.
Türkmenler gadym döwürlerden bäri toý kerwenini, düýe bezemegiň gadymy däbini saklap gelipdirler.
Ýörite şu sergi üçin dikeldiş bölüminde gadymy däp-dessurlara laýyklykda, haly we parça önümleri bilen bezelen kejebe bilen düýäniň manekeni ýasalypdyr. Sergide düýeleriň baýramçylyk bezegleri görkezilipdir.
Türkmenistanyň çäginde bir örküçli düýe eýýäm biziň eýýamymyzdan öňki 3-2-nji müňýyllyklarda eldekileşdirilipdir. Muny Goňurdepede tapylan gadymy zatlar subut edýär. Günbatar Köpetdagda tapylan 2,5 million ýyla barabar düýäniň aýak yzlarynyň tapylmagy bolsa, gadymy bir örküçli düýäniň Türkmenistanyň çäginde dörändigini tassyklaýar. Sergide gadymy düýäniň durky täzelenen yzlaryny-da görmek bolýar.
Sergide adaty türkmen toýunyň howasyny doly duýup we geçmişiň hakyky eksponatlaryny görüp bilersiňiz. Sergi beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar.