Ï «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Rabindranat Tagor
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Rabindranat Tagor

view-icon 5523
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Rabindranat Tagor
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu iri desganyň Magtymgulynyň belent ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini ýüze çykarýar.

Seýilgäh toplumynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bütin dünýä meşhur ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň ýadygärlikleriniň 24-si oturdyldy. «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy okyjylary, aýratyn-da, çagalary we ýetginjekleri heýkelleri «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyny bezeýän ajaýyp şahsyýetleriň ömri hem-de döredijiligi bilen, mümkinçiligine görä, tanyşdyrmagy dogry hasaplady. Bu bolsa bu ýerde oturdylan öz döwrüniň ussatlaryň käbirleriniň Türkmenistanda bolandyklary üçin hem möhümdir. «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy olar barada maglumatlary beýan edip, ol ýa-da beýleki şahsyýet barada habarlary, mümkin bolşuna görä, dolulygyna ýetirmäge çalşar, çünki örän köp wagtyň geçendigi sebäpli, olaryň köpüsi barada örän az maglumatlar saklanyp galypdyr.

Biziň şu günki gysgaça gürrüňimiz Rabindranat Tagor barada.

Rabindranat Tagor – hindi ýazyjysy, şahyr, kompozitor, suratkeş, jemgyýetçilik işgäri. Ol ýewropaly däl adamlaryň arasynda ilkinji bolup, edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldy. Tagor ýedi ýaşynda goşgy düzmäge başlapdyr. On alty ýaşynda ol ilkinji nowellalaryny hem-de dramalaryny ýazypdyr. Onuň has meşhur eserleri – «Gitanjali» (Gurbanlyga bagyşlanan dini aýdym), «Gora» hem-de «Öý we parahatçylyk» eserleri edebiýatda lirikanyň, gepleşik stiliniň, naturalizmiň we synçylygyň nusgalarydyr. Tagorlaryň maşgalasy örän meşhur bolupdyr. Olar iri ýer eýeleri bolupdyrlar, olaryň öýlerine köp meşhur ýazyjylar, sazandalar hem-de jemgyýetçilik işgärleri gelipdirler.

Bäş ýaşynda Rabindraty Gündogar seminariýasyna beripdirler, soňra bolsa adaty mekdebe geçiripdirler. Ýetginjek wagty Rabindranat öýde taryhy, arifmetikany, geometriýany, dilleri öwrenip, oňat bilim alypdyr. Soňra ol Londonyň uniwersitet kollejinde hukugy öwrenipdir. 1910-njy ýylda Tagoryň şygyrlarynyň has meşhur ýygyndylarynyň biri çap edilenden soňra, ol syýahat edip başlapdyr, Ýewropa, ABŞ-a, Russiýa, Ýaponiýa, Hytaýa barypdyr. Tagor bäş yklymda otuzdan gowrak ýurtlara baryp görüpdir. Şol saparlarynyň köpüsi hindi bolmadyk adamlary onuň döredijiligi bilen tanyşdyrmak üçin möhüm bolupdyr. 1913-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Tagor çuňňur duýguly, özboluşly we ajaýyp goşgulary üçin edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi bolandygyny bilipdir. Şol eserlerinde onuň aýratyn ussatlygy arkaly şahyrana pikirlenişi beýan edilipdir. Nobel komitetiniň pul baýragyny Tagor Şantineketandaky öz mekdebine haýyr-sahawata bagyş edipdir. Soňra şol mekdep mugt bilim berýän ilkinji uniwersitet bolupdyr. Ömrüniň soňky ýyllarynda Tagor ylym bilen meşgullanypdyr. Ol «Biziň älemimiz» atly esse ýazypdyr. Onuň biologiýada, fizikada we astronomiýada geçiren barlaglary şygryýetde beýanyny tapypdyr. Şeýle hem Tagor surat çekipdir hem-de saz düzüpdir.

Tagoryň galamynyň astyndan diňe Hindistanyň senasyna öwrülen «Janaganamana» atly şygry däl, eýsem, onuň ýerine ýetirilýän sazy hem döräpdir. Tagoryň akwarel, peri hem-de syýa bilen çeken suratlary köp ýurtlarda goýuldy. Tagor 2230-a golaý aýdymlary döredipdir. Tagoryň kömekçisi Ami Çakrawarti şahyryň şygyrlarynyň sada bengallylar tarapyndan şeýle bir meşhurlykdan peýdalanandygyny, şol eserleri olaryň köplenç halkyňky hökmünde kabul edendiklerini belläpdir. Tagor uzaga çeken keselden soň, Jorasanko mülkünde 80 ýaşynda aradan çykypdyr.

Rabindranat Tagoryň hatyrasyna her ýyl köp sanly festiwallar hem-de baýramçylyklar guralýar.

Merkuridäki krater onuň hormatyna atlandyryldy.