25–28-nji iýul aralygynda Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena şäherinde X Bütindünýä orkestr festiwaly geçirildi. Onda ýurdumyzyň zehinli sazandalaryndan ybarat bolan ýaşlar kamera orkestri hem çykyş etdi. Ýatdan çykmajak çykyşy üçin türkmen sazandalary «Kamera orkestri» ugry boýunça «Altyn baýraga» mynasyp boldular.
Festiwala 40 ýurtdan döredijilik toparlary gatnaşdylar. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky ýaşlar kamera orkestriniň sazandalary dünýäniň nusgawy eserlerini we ajaýyp dutar sazlaryny ýerine ýetirdiler.
Festiwalyň maksatnamasyna laýyklykda, dünýäniň iň meşhur saz uniwersitetleriniň biri bolan Wenadaky Saz we ýerine ýetirijilik sungaty uniwersitetinde ussatlyk sapaklary hem guraldy.
Bütindünýä festiwaly gala-konsert bilen jemlendi, onda türkmen sazandalary hem çykyş etdiler we olar çeper tilsimleri bilen festiwalyň myhmanlaryny ýene özüne maýyl etdiler.