Ï Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde gadymy arap golýazmalaryň sergisi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde gadymy arap golýazmalaryň sergisi açyldy

view-icon 4575
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde gadymy arap golýazmalaryň sergisi açyldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Asyrlaryň dowamynda iki mukaddes metjitler, golýazmalaryň gözelligi we olaryň has seýrek duş gelýänleri» atly arap dilinde ýazylan gadymy golýazmalaryň sergisi açyldy.

Bu bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar Saud Arabystany Patyşalygyndan Türkmenistana getirildi. Golýazmalar ýedinji asyra degişli bolup, olaryň awtorlarynyň bu eserleri on dört asyr ozal döredendigine ynanmagam kyn. Golýazmalaryň abatlygyna zyýan ýetirmezlik üçin olar howa geçirmeýän aýdyň tekjelerde goýlupdyr.

Sergide arap sungatynyň seýrek duş gelýän golýazmalaryny, gadymy ýadygärlikleriň fotosuratlaryny, iki mukaddesligiň – Mekge, Medine metjitleriniň suratlaryny, arap halkynyň milli däp-dessurlarynyň gönezligi bolan eserlerini synlamak mümkin.

Muzeýiň mejlisler zalynda «Türkmenistandaky arap dilindäki golýazmalar» atly ylmy-amaly okuw maslahaty geçirildi. Sergini Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said bin Osman Ahmed Suweýd we Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow açdylar.

Onda çykyş edenler sergide görkezilýän golýazmalaryň mazmunyny açdylar. Bu ýere gelýänler sergiden ýadygärlik hökmünde islege görä kartoçkada öz adyny arap ýazuwynda ýazdyryp bilerler.