Häzirki günlerde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat tapgyrlary guramaçylykly dowam edýär.
Halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda kemala gelen, beýik ynsanperwerlige ýugrulan mukaddes däp-dessurlaryny, watansöýüjilik, merdanalyk, dost-doganlyk ýaly häsiýetlerini kämil sungat eserleri arkaly beýan etmek, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan aýdym-saz sungatymyza ýaş zehinleri çekmek we ýüze çykarmak, bagtyýar zamanamyzda ýetilýän belent sepgitleri dabaralandyrmak maksady bilen, her ýyl geçirilýän bu bäsleşik aýdym-saz söýüjileriň arasynda uly meşhurlyga eýedir.
Ýaňy-ýakynda mähriban halkymyzyň ruhy dünýäsiniň galkynmagyna, Berkarar döwletimiziň ýeten belent sepgitlerine bolan çäksiz buýsanjynyň owaz bolup ýüze çykmasyna öwrülen bu bäsleşigiň Lebap welaýat tapgyry geçirilip, ol hakyky aýdym-saz baýramçylygyna öwrüldi. Gündogar sebitiň merkezi Türkmenabat şäheriniň binagärlik keşbine aýratyn bezeg berip duran «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirilen bu bäsleşige deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan mahmal sesli ýaş, zehinli aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň iň şowhunly dabaralarynyň biri bolan «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça etrap-şäher tapgyrynyň guramaçylykly geçirilip, onuň welaýat derejesinde geçirilýän tapgyryna iň zehinli ýaş aýdymçylaryň seçilip alynmagy bu bäsleşigiň täsirliligini has-da artdyrdy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän, bagtyýar zamanamyzyň nurana keşbini açyp görkezýän bu sungat baýramynyň älemgoşar öwüşginli, milli äheňli ajaýyp sahna bezegini aýratyn belläp geçmek buýsançlydyr. Bäsleşige gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-günümize peşgeş beren eşretli zamanasyny, ýurdumyzyň şanly ösüşlerini, türkmen dünýäsiniň gözelliklerini taryplap, ýerine ýetiren şirin owazly aýdymlary bagtyýar zamanamyzyň kalbynyň senasy bolup alyslara ýaň saldy.
Bäsleşige gatnaşýan ýaş, zehinli aýdymçylaryň nusgawy şahyrlarymyzyň goşgularyna, şeýle hem halkymyzyň şöhratly taryhyny, milli mirasyny şöhlelendirýän dessanlardan kämillik derejesinde aýdan aýdymlary welaýatda «halypa-şägirtlik» ýolunyň dabaralanýandygyna aýdyň mysaldyr. Şeýle hem ýaş zehinleriň milli lybaslarynyň ýerine ýetirýän aýdymlarynyň mazmuny bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmegi, milli sungatymyzyň zamanamyzyň zynatyna we zybanyna öwrülendigini subut etdi. Bäsleşige gatnaşyjylaryň aýdan aýdymlarynyň bu ýere ýygnanan aýdym-saz muşdaklary tarapyndan gyzgyn elçarpyşmalar bilen garşy alynmagy, ýaş aýdymçylaryň kämillik derejesine berlen mynasyp bahadyr.
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň düzgünnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň tanymal sungat ussatlaryndan ybarat eminler topary tarapyndan höwesjeň ýaş zehinleriň sahnada özlerini alyp baryş medeniýetine, aýdym aýdyş ussatlygyna, ýerine ýetiriliş aýratynlyklaryna, aýdymlaryň mazmun derejesine uly üns berildi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» döwrüniň belent ruhunyň aýdyň dabaralanmasyna öwrülen bäsleşikde eminler toparynyň çykaran netijesi boýunça ýaş zehinli aýdymçylaryň 2-si –Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby, Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäheriniň ýaşaýjysy Serdar Jumaýew hem-de Halaç etrabyndan Saparmyrat Tekäýew telebäsleşigiň welaýat tapgyrynyň ýeňijileri diýlip yglan edildi hem-de olar «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşan ýaş aýdymçylaryň bilelikde ýerine ýetirmeklerinde döwletli-döwranly Diýarymyz, onuň okgunly ösüşleri, milli medeniýetimiz we sungatymyz barada aýdylan joşgunly aýdym bagtyýar zamanamyz üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan tüýs ýürekden çykýan hoşallyk senasy bolup ýaňlandy.