Moskwadaky Bütinrussiýa bezeg sungaty muzeýinde «Taryhlar» halysy atly uly sergi açyldy. Muzeýiň ýedi zalynda 1930 – 1980-nji ýyllarda Russiýanyň, Kawkazyň we Orta Aziýanyň halyçylyk merkezlerinde dokalan halylaryň uly toplumy sergilenipdir.
Gymmatbahaly bu del önümleriň arasynda «Atly ýöriş» atly meşhur türkmen halysy-da bar. 1937-nji ýylda Aşgabadyň haly fabriginde dokalan özboluşly halynyň ýordumy 1935-nji ýylda Aşgabat – Moskwa aralygynda geçen rowaýaty atly ýörişe bagyşlanypdyr.
Otuz çapyksuwardan ybarat atly topar 84 günüň dowamynda 4300 kilometrlik agyr ýoly geçipdir. Ýörişiň ugry Garagumyň ürgün çägeliginden, takyrlar we şorluklar bilen doly Üstýurt belentliginden, Gazak çöllerinden we Russiýanyň tokaý-sähralyklaryndan geçýärdi.
Türkmen atlary çydamlydyklaryny we ygtybarlydyklaryny subut etdiler. Bu taryhy ýöriş jemgyýetçiligiň ägirt uly ünsüni özüne çekdi, oňa gatnaşanlar bolsa milli gahryman bolmaga hak gazandylar. Hut şunuň üçin-de bu meşhur ýörişiň wakalary çeper elli türkmen halyçylarynyň dokan bu halysy üçin ýordum hökmünde saýlanyp alyndy.
Türkmen atlarynyň edermenligini wasp edýän bu haly dokalyp gutaranyndan iki ýyl soň, Aşgabat haly fabriginde saklanyp galan çyzgylar we ülňiler boýunça ikinji haly ýüwürdilipdir. Ol birinjiden göllerindäki ujypsyz üýtgetmeler bilen tapawutlanýar. Bu haly şu güne çenli Aşgabatda saklanýar.
Bütinrussiýa bezeg sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanýan «Atly ýöriş» türkmen halysy 2014-nji ýylda Moskwada ýörite sergide goýlup, ýeke-täk gymmatlyk boldy.
«Taryhlar halysy» sergisi 13-nji oktýabra çenli dowam eder. Sergä gelenlere halyçylygyň taryhy, göller we biçüwler boýunça gyzykly leksiýalar, şeýle hem gezelençler garaşýar. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, sergä gelen her bir adam dürli halklaryň halyçylyk sungatynyň eserleri bilen tanşyp biler ýaly taýýarlyk işleri birnäçe ýyl dowam edipdir.