Ï Aşgabatda bilim pudagynda türkmen-iňlis hyzmatdaşlygy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda bilim pudagynda türkmen-iňlis hyzmatdaşlygy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 2323
Aşgabatda bilim pudagynda türkmen-iňlis hyzmatdaşlygy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin eksport boýunça sebit müdiri hanym Sara Çijiniň duşuşygynda Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda bilim pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplaryň duşuşygy 14-nji noýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde geçirildi.

Duşuşykda hanym Çiji Beýik Britaniýanyň Gazagystanda we Özbegistanda ýokary bilim ulgamynda gazanan üstünlikli tejribesi barada gürrüň berdi. Ol birnäçe Britan uniwersitetiniň, şol sanda Westminster uniwersitetiniň-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge we ýokary bilim ulgamynda bilim bermek bilen gyzyklanýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler Türkmenistanyň bilim edaralaryny akkreditasiýa etmek arkaly orta bilim ulgamynda bilim hyzmatlaryny hödürlemegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hanym Çiji bu işiň goňşy ýurtlarda üstünlikli durmuşa geçirilendigi barada jikme-jik gürrüň berdi.

Mundan başga-da, Sara Çiji geljek ýylyň başynda türkmen-britan söwda we senagat geňeşiniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini, onuň çäginde bilim meselelerine hem garaljakdygyny habar berdi. Myhman Britaniýanyň her ýylyň maý aýynda Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumynda bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada has jikme-jik gepleşikleri geçirmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

A.Ataýew hem öz gezeginde bellenen taslamalara gyzyklanma bildirdi we bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek başlangyjyny goldady. Taraplar, başlangyç üçin Britaniýanyň bilim ülňülerini, akkreditasiýa we ygtyýarnamalaşdyryş amallaryny, şeýle hem bilimiň hilini üpjün etmegiň usullaryny jikme-jik öwrenmäge gönükdirilen bilelikdäki webinarlary guramagyň mümkinçiliklerine garalmagyny ylalaşdylar.

A.Ataýew, şeýle hem taraplaryň meseläniň ähli jähedine üns berip, maý aýyna çenli taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ädimme-ädim hyzmatdaşlygy has jikme-jik ara alyp maslahatlaşyp biljekdigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň bilim ulgamynyň ösmegine saldamly goşant goşjakdygyna we talyplardyr mugallymlaryň dünýä bilim jemgyýetine goşulyşmagyny aňsatlaşdyrjakdygyna ynam bildirdiler.