Ï Türkmenistanly wekiller ýaş alymlaryň IV kongresine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly wekiller ýaş alymlaryň IV kongresine gatnaşdy

view-icon 1741
Türkmenistanly wekiller ýaş alymlaryň IV kongresine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 27 – 29-njy noýabrynda Soçi şäherindäki «Sirius» federal çäkde ýaş alymlaryň «Ylmy-tehnologik ösüşiň ileri tutulýan ugurlary: geljegi şu gün döredýäris» diýen esasy mowzuk astynda IV kongresi bolup geçdi. 

Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti-de gatnaşdy. Kongres ösen we düýpli ylmyň, döwlet häkimiýetiniň we hakyky ykdysadyýet pudagynyň arasynda gepleşikler geçirmek üçin iň uly ýerlik bolup hyzmat edýär we ylmy-tehnologik ösüşiň esasy ugurlaryny kesgitleýär.

Bu möhüm ylmy foruma biziň ýurdumyzyň adyndan kimiň gatnaşandygy barada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Begenç Halnepesow gürrüň berdi.

Ylmy derňewçileri, mugallymlary, talyplary we mekdep okuwçylaryny – russiýada we başga-da onlarça ýurtda geçirilen dürli bäsleşikleriň ýeňijilerini bir ýerde jemlän bu kongresde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy, tehnologiýa transferi bölüminiň başlygy Kadyr Amanow, şu okuw mekdebiniň  talyby Dawut Döwletow we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň geologiýa, nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek we ulanmak boýunça ýöriteleşen iki sany ýaş mugallymy Mahmyt Haýdarow bilen Rahym Girmaýew öz işleri we pikirleri barada gürrüň berdiler.

Begenç Halnepesowyň aýtmagyna görä, S.A.Nyýazowyň adyny göterýän Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Dawut Döwletow ýakynda «Türki halklaryň iň gowy talyby» diýen halkara bäsleşikde ýeňiji boldy. Soçide geçen Ýaş alymlaryň IV kongresinden galan täsirler barada gürrüň bermek bilen, ol şeýle diýdi: «S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby hökmünde, maňa-ha bu forum emeli aň bilen birlikde Ýer ýüzüniň bähbidine hereket etmelidigimizi görkezdi. Russiýanyň dürli künjeginden gelen ýaş alymlar bilen tanyşlyk meniň üçin täze ösüş gözýetimlerini açdy we ekologiýa hem oba hojalygy pudagynda ylmy işleri kämilleşdirmek boýunça birnäçe täze pikir berdi. Meniň üçin diňe şu ýerde bolmak däl, eýsem, şu günki täzelikçiler bilen gatnaşyk gurmak-da uly hormatdy. Meni hemmeden beter haýran galdyran zat 14 ýaşly ýetginjegiň plastika iýýän gurçuk ösdürip ýetişdiren ylmy işi boldy. Bu çemeleşmäniň geljegi bar».

Türkmenistanly ýaş alymlar kongresiň iş, sergi we medeni maksatnamalaryna gatnaşdylar. Iş meýilnamasy, adatça, «tegelek stoldan», bilermen mejlislerinden, gönümel çekişmelerden we dürli interaktiw görnüşdäki wakalardan ybaratdyr. Kongresde Russiýa Federasiýasynyň ähli subýektleriniň ylmy üstünlikleriniň sergisi hem guraldy. Bu çäre emeli aňy, biotehnologiýany, robot tehnikasyny, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary we beýleki soňky üstünlikleri hödürlemek üçin ýerlik boldy.