29-njy noýabrdan 10-njy dekabry aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmen-Hindi innowasion tehnologiýalary merkeziniň binýadynda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň wekilleri üçin startap-taslamalary ösdürmek boýunça ýörite okuwlar geçirilýär.
«Hünär bilim edaralarynda innowasiýaly telekeçiligiň platformalaryny ösdürmek. Işewürlik-halypaçylygynyň esaslary» diýen at bilen geçirilýän okuw ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň 17-siniň 30-dan gowrak mugallymlaryny hem-de işgärlerini bir ýere jemledi.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, milli jemgyýetçilik bileleşikleri «Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesiniň» we «Türkmenistanyň ýaşlarynyň üstünlikleri» bilen bilelikde hem-de üstünlikli işleýän «Maslahatly Çözgüt», «Startap Merkezi» we «Eksport Konsalting» ýaly işewür toparlaryň goldaw bermeginde çäräniň guramaçylary bolup çykyş edýärler.
Mälim bolşy ýaly, netijeli ösüşiň hem-de döwletleriň ykdysadyýetleriniň bäsleşige ukyplylygynyň esasy çeşmesi ähli ulgamlara innowasiýalary ornaşdyrmakdyr. Bu bolsa innowasion startap-pikirleriň we ylmy işläp taýýarlamalaryň durmuşa geçirilişiniň netijesi bolup durýar. Şolary döretmek boýunça işler startap-taslamalarda alnyp barylýar. Dünýäniň ýurtlarynda şol taslamalaryň 40 göterime golaýy bilim edaralarynda ýerleşýär.
Bilim edaralarynyň binýadynda işewürlik-toparlar ulgamynyň üstünlikli ösdürilmegi dogry çemeleşmegi, hünärmenleriň gatnaşmagyny, guramaçylyk, hukuk, tehniki taýdan goldawlary talap edýär. Şulardan ugur alnyp, häzirki okuwlaryň maksatnamasyna startapy işe girizmegiň tehnologiýasy, startaplar üçin netijeli marketing strategiýalary, startaplary amala aşyrmagyň gözegçiliginiň sanlylaşdyrylmagy, tehnologiýa ugurlary, emeli aň we ony ulanmagyň ahlak taraplary, startaplaryň ösüş tapgyrlary we halypaçylyk işleri ýaly möhüm we döwrebap temalar, şeýle hem ençeme beýleki wajyp meseleler girizildi. Şonuň ýaly-da, işewür kompaniýalarda işlemegiň degişli başarnyklaryny almak üçin okuwa gatnaşyjylaryň iş ýerine ýetirip görkezmekleri göz öňüne tutuldy.
Okuwlaryň esasy maksady ýurdumyzyň 17 sany orta hünär okuw mekdeplerinde startap-taslamalary döretmekde, şol taslamalar üçin işgärleri taýýarlamakda, şeýle hem ýaş alymlara, öz innowasion taslamalaryny iş ýüzünde amala aşyrmak isleýän startapçylar bolan pikirler bilen çykyş edýän awtorlara kömek etjek halypalary okatmakdan ybaratdyr.
Paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň wekillerini bir ýere jemlän ýörite okuwlar döwletimizde öňde goýlan we innowasion ykdysadyýete tiz geçilmegi bilen baglanyşykly ileri tutulýan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.
Okuwyň guramaçylary onuň geçirilmeginiň bilim edaralarynda innowasiýa çemeleşmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine itergi berjekdigine we başlangyç täjirçilik işi arkaly hünär bilim edaralarynyň işiniň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga, ahyrky netijede bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň innowasion taýdan ösmegine we kuwwatynyň pugtalanmagyna ýardam etjekdigine umyt edýärler.