Ï Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl mynasybetli breýn-ring geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl mynasybetli breýn-ring geçirer

view-icon 1443
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl mynasybetli breýn-ring geçirer

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Açyk breýn-ring geçirler.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldaw bermeginde ýokary okuw mekdebi tarapyndan guralan «Hemişelik Bitaraplyk – baky bagtyýarlyk» atly akyl-paýhas bäsleşigi 8-nji dekabrda geçiriler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin eýýäm ýokary okuw mekdepleriň 15-si ýüz tutdular. Olaryň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we beýlekiler bar.

Bäsleşikde her ýokary okuw mekdepden talyplaryň 6-syndan ybarat bolan 1 topar çykyş eder. Breýn-ring türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler. Oýnuň şertleri boýunça alyp baryjynyň her sowalyna toparlar 1 minudyň dowamynda ýazuw görnüşinde takyk kesgitlenilen jogaby bermelidirler.

Akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň Bitaraplygyna, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyna, dünýäniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklaryna, tamamlanyp barýan ýylda ýurduň gazananlaryna we ösüşlerine, şeýle hem Täze ýyly baýram etmegiň däplerine degişli gyzykly sowallar taýýarlanyldy.

Bäsleşigiň netijelerini düzümine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri girjek eminler yglan ederler.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň degişli derejeli diplomlary hem-de oýnuň hemaýatkärlerinden sowgatlar gowşurylar.

Talyplaryň breýn-ringiniň geçirilmegi, ilkinji nobatda, ýaşlarda watansöýüjiligi, olaryň ruhy-ahlak häsiýetlerini, dostlugy, päk niýetliligi terbiýelemäge, öz ýurdunyň ykbalyna jogapkär ýaş nesilleri kemala getirmäge gönükdirilendir.

Mundan başga-da, syýasat, taryh, diplomatiýa ulgamlarynda köp taraply bilimlere eýe bolan giň gerimli pikirlenip bilýän has ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, şeýle hem şol bilimleri çuňlaşdyrmak, ýaz zehinleri höweslendirmek we goldamak hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky bilim gatnaşyklaryny giňeltmek çäräniň maksatlarynyň hatarynda durýar.