19 ýaşly sport ussady Wepaly Hallynyýazow (FIDE-niň görkezijisi – 2115) küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby ýokary liganyň açyk kategoriýasynda iň gowy netije bilen ýeňiş gazanyp, mümkin bolan 11 utukdan 7,5 utuk toplap, ilkinji gezek şeýle üstünlik gazandy.
Wepaly tälimçi Güljahan Öwlýägulyýewanyň ýolbaşçylygynda Türkmenabadyň 13-nji sport mekdebinde küşt oýnunyň syrlaryny öwrenip başlady. Soňky 2 ýylda Aýnur Isaýewanyň ýolbaşçylygynda Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde ussatlygyny kämilleşdirýär. Geçen ýyl ol Budapeştde (Wengriýa) geçirilen 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda umumy hasapda 188 toparyň arasynda 24-nji orny eýelän Türkmenistanyň erkekler ýygyndysynyň hatarynda «B» toparçada kiçi altyn medala mynasyp boldy.

Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde 10 günüň dowamynda geçen Türkmenistanyň çempionatyna 12 dalaşgär gatnaşdy, olar bir aýlawda özara duşuşyklarda çempiony we baýrakly orunlary eýeläni kesgitlediler.
Ozal erkekler kategoriýasy diýlen açyk kategoriýa soňky ýyllarda zenanlaryň gatnaşmagyna diňe bir rugsat berilmän, eýsem, şu ýagdaý goldanylýaram.

Şu ýyl erkekler toparyna ýeke-täk gyz – 19 ýaşly FIDE-niň ussady, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Läle Şöhradowa (görkezijisi – 2025) çykyş etdi, ol bir aý öň Mary welaýatynda geçirilen birinji liganyň açyk kategoriýasynda gazanan ýeňşi netijesinde «erkekler» ýokary ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ýokary görkezijisi hem-de küşt federasiýasynyň beýleki talaplaryna laýyk gelýändigi üçin ol zenanlar ýokary ligasyna gatnaşmazdan milli ýygyndy toparynda-da orun eýeledi.
Açyk ýaryşyň duýdansyzlyklary we zenanlaryň arasynda 2023-nji ýyldaky çempionynyň erkekleriň arasynda hem çempion bolmak mümkinçiligi soňky tapgyra çenli bardy. Ýaryşyň gutarmagyna bir tapgyr galanda hem birinji orunda barýan Läle Şöhradowa aýgytly oýunda öz halypasy – Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň ýaryşa gatnaşýan baş tälimçisi, sport ussatlygyna dalaşgär Şahruh Turaýewden utulyp, 7 utuk bilen ikinji orna düşdi, şonda goşmaça görkezijisi boýunça özi deň utuk gazanan bäsdeşleriniň üçüsinden öňe geçdi. Şahruh Turaýew bolsa goşmaça görkezijiler boýunça okuwçysyndan yza galyp, 3-nji orny eýeledi.

Ýeňijiler Gazagystanda we BAE-de geçiriljek halkara ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik etmek hukugyny gazandylar. Olardan başga-da FIDE-niň has ýokary görkezijisine laýyklykda, ýygyndy toparyň hatarynda grossmeýster Meýlis Annaberdiýew (2449) we golaýda soňky grossmeýster utugyny (2516) gazanan Saparmyrat Atabaýew bar.
Güýçli tälimçiler we hünärmenler şu ýylky açyk kategoriýa ýaryşynyň bäsdeşlik nukdaýnazaryndan iň tolgundyryjy we dartgynly ýaryş bolandygyny nygtaýarlar. Birinji bäşlikdäki küştçüleriň görkezijileriniň aratapawudy bary-ýogy ýarym utukdy. Birinji orny eýelän küştçi utuklarynyň 1/3 bölegini (mümkin bolan 11 utukdan 3,5) ýitirdi, birinji we soňky 12-nji ýerleriň orny eýelänleriň utuk tapawudy bary-ýogy 4,5 utukdy. Iň ýaşuly küştçi 70 ýaşly halkara ussady Karen Grigorýandy, küştçi üçin gojadygyna garamazdan, ol gowy çykyş edip, 11 utukdan 4,5 utuk toplap, 12 oýunçynyň arasynda 9-njy orny eýeledi.

Türkmenistanyň zenanlar çempionatynda Türkmenabatdan 14 ýaşly mekdep okuwçysy Jahan Rejebowanyň ýeňip, Türkmenistanyň küşt taryhynda ýurduň iň ýaş çempiony bolandygyny ozal habar beripdik.
Açyk we zenanlar kategoriýalarynyň jemlerini teswirläp, Türkmenistan Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýew federasiýanyň ýaş küştçüleri ýetişdirmek strategiýasynyň gowy netije berýändigini belledi – ýokary liga gatnaşyjylaryň ortaça ýaşy barha «ýigdelýär», has ýaş küştçüler çempion adyny alýarlar, milli ýygyndynyň esasy «bäşligi» bilen «ikinji derejeli» küştçüleriň arasyndaky oýun derejesiniň aratapawudy azalýar. Sportda bäsdeşlik bolsa hökmany suratda ösüşlere ýetirýär.
Ýokary ligadaky ýaryşlar «Küşt Älemi» küşt akademiýasynyň , «Ýaşyl» marketing agentliginiň we TKF-niň we beýleki hyzmatdaşlaryň goldamagynda guraldy.