Ï 2026-njy ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşlarynda Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysynyň garşydaşlary kesgitlenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2026-njy ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşlarynda Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysynyň garşydaşlary kesgitlenildi

view-icon 5241
2026-njy ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşlarynda Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysynyň garşydaşlary kesgitlenildi

Tailand, Kuweýt, Mongoliýa we Maldiwleriň milli ýygyndy toparlary 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndylarynyň (U17) arasynda geçiriljek 21-nji Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşyna gatnaşmak üçin Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişlikden soň türkmen futbolçylarynyň garşydaşlary hökmünde saýlandy. Onuň jemleýji bölümi 2026-njy ýylyň maý aýynyň 7-24 aralygynda Saud Arabystanynda geçiriler.

Bäsleşige ýedi toparça bölünen 38 topar gatnaşar. Olaryň üçüsinde alty topar, dördüsinde bäş topar bolar.

Bijäniň netijesine görä, Türkmenistanyň ýygyndy topary «F» toparçada ýerleşdi. Bu toparçanyň duşuşyklary Tailandyň Çonburi şäherinde geçiriler.

Beýleki toparçalaryň düzümi:

«A»: Hytaý (öý eýesi), Bangladeş, Bahreýn, Bruneý, Gündogar Timor, Şri-Lanka;

«B»: Ýemen, Laos, Gyrgyzystan (öý eýesi), Kamboja, Guam, Pakistan;

«C»: Wýetnam (öý eýesi), Malaýziýa, Singapur, Hytaý Gonkongy, Demirgazyk Mariana adalary, Makao;

«D»: Eýran, Hindistan (öý eýesi), Palestina, Hytaý Taýbeýi, Liwan;

«E»: Awstraliýa, Yrak, Filippinler, Iordaniýa (öý eýesi), Butan;

«G»: Oman, Owganystan, Mýanma (öý eýesi), Siriýa, Nepal.

Saýlama tapgyrynyň ähli duşuşyklary 2025-nji ýylyň 22 – 30-njy noýabr aýy aralygynda merkezi görnüşde we bir aýlawda geçiriler.

Jemleýji tapgyra her toparçanyň ýeňijileri çykar. Olar soňky tapgyrda Aziýa Futbol konfederasiýasynyň (AFC) şu toparlaryna goşular: Katar, Özbegistan, Saud Arabystany, Koreýa Respublikasy, KHDR, Ýaponiýa, Täjigistan, Birleşen Arap Emirlikleri we Indoneziýa. Bu toparlar FIFA-nyň 2025-nji ýylda Katarda 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek Dünýä çempionatyna ygtyýarly ýagdaýda gatnaşarlar.

Şu ýylyň başynda Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy ilkinji gezek Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) 2025-nji ýylda Daşkentde geçirilen çempionatynda bürünç medallaryň eýesi boldylar. Üçünji ýer ugrunda geçirilen duşuşykda Gyrgyzystanyň ýygyndysyny 7:6 hasaby bilen (asyl wagty – 0:0) 11 metrlik jerime urgulary bilen ýeňdiler. Bu üstünliklere ýygyndyny baş tälimçi hökmünde Ahmed Allaberdiýew alyp bardy.