mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Arhiw
news-photo

01.09.2026

total-veiw

4884

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary açylyp ulanmaga berildi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelen bu şanly wakalar milli bilim ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek ugrunda giň gerimli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

news-photo

01.09.2026

total-veiw

3788

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy

Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň her bir güni täze taryhy wakalara beslenýär. Ine, şu gün hem biz Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumlaryny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga berýäris. Sizi we mähriban halkymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni, şeýle-de döwrebap bilim ojaklarynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

news-photo

01.09.2026

total-veiw

4329

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy. 

news-photo

01.09.2026

total-veiw

2890

A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebinde 186 sany birinji synp okuwçysy üçin ilkinji jaň kakyldy

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň ähli mekdeplerinde bolşy ýaly, Aşgabat şäherindäki A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdepde hem Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

news-photo

01.09.2026

total-veiw

3112

Täze okuw ýylyna täze binalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlar bilen birlikde ýurdumyzyň bilim ulgamy hem taryhy wakalara beslenýär.

news-photo

01.09.2026

total-veiw

4867

Türkmen türgenleri Bütindünýä Çarwadarlar oýunyna gatnaşýar

2026-njy ýylyň 31-nji awgustynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde täze gurlan «Bişkek Arena» stadionynda VI Bütindünýä Çarwadarlar oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi.

news-photo

01.09.2026

total-veiw

4643

Bilimler we talyp ýaşlar güni ýaş nesil hakyndaky aladalaryň çäksizdiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi

1-nji sentýabrda Mary welaýatynyň ähli ýerlerinde täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ilkinji jaň sesleri ýaňlandy. Bagtyýar nesiller ak mekdebiň gujagyna doldular. Hemme mekdeplerde guralan dabaralar ýokary ruhubelentlige beslendi.

news-photo

01.09.2026

total-veiw

3924

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Ýeňiş güni bellenildi

Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň rezidensiýasynda türk halkynyň Beýik Ýeňşiniň 104 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

news-photo

01.09.2026

total-veiw

4575

Dünýä derejesindäki merkez we sanly çözgütler: Aşgabatda innowasion pediatriýa merkezi açylyşa taýýarlanýar

Ýakynda döwlet Baştutanymyz paýtagtyň günorta böleginde ýerleşýän täze toplum – Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk meýdançasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. 

news-photo

01.09.2026

total-veiw

6094

Sazlardaky gizlin syrlary derňemek bilen bagly Wladimir Mkrtumowyň çykyşy boldy

Tomus möwsüminiň tamamlanýan günlerinde paýtagtymyzyň oglan-gyzlary üçin «Aşgabat» medeniýet we dynç alyş seýilgähiniň konsert zalynda «Saz barada. Çagalar» atly täze tapgyrdan «Saz detektiwi» atly gyzykly konsert-tomaşa geçirildi. Konsert täze we üýtgeşik görnüşde guraldy.

...3494