26.08.2026
3651
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Serbiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
25.08.2026
3697
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
25.08.2026
6395
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmek amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
25.08.2026
3849
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilýän halkara mediaforumyna gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde 24–29-njy awgust aralygynda geçirilýän «Yslam siwilizasiýasy: täze garaýyş, täze açyşlar» atly halkara mediaforumyna gatnaşýar.
25.08.2026
3789
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy: ylym, innowasiýa, ösüş
Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Kommunistik Partiýasynyň Komitetiniň Sekretarynyň orunbasary, bu raýonyň Halk Hökümetiniň başlygy Erkin Tuniýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana sapar bilen geldi.
25.08.2026
4403
Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň etnograflary Altaýdaky ekspedisiýany tamamladylar
Altaý ülkesinde «Uly Altaý: türki miras – 2026» atly halkara etnografik ekspedisiýasy tamamlandy. On günüň dowamynda Russiýadan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan gelen alymlar sebitiň ýerli halklarynyň – kumandinleriň, çelkanlaryň, tubalarlaryň we altaýlylaryň durmuşyny hem-de däp-dessurlaryny öwrendiler.
25.08.2026
6249
Türkmen pälwany Alp Arslan Begenjow Slowakiýada 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy
Türkmenistanly türgen Alp Arslan Begenjow Slowakiýanyň paýtagty Bratislawada tamamlanan 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen erkin göreş boýunça dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy.
25.08.2026
5276
Daşoguz welaýatynda bilim edaralarynyň ulgamy giňeldilýär
Köneürgenç şäherinde ýokary depginler bilen 420 orunlyk täze umumybilim berýän orta mekdebiň gurluşygy alnyp barylýar. Ol şäheriň merkezinde ýerleşip «Batly depgin» hususy kärhanasy tarapyndan gurulýar. Iki gatly täze binada çagalaryň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösmegi, bilim almagy üçin ähli şertler göz öňünde tutulan.
24.08.2026
3979
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Petra Dahtleri kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
24.08.2026
3549
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Mirza Fahrul Islam Alamgire Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.