12.11.2021
4224
Türkmenistanyň wekilýeti Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Daşary işler ministrleriniň VIII mejlisine gatnaşdy
Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Daşary işler ministrleriniň sekizinji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
11.11.2021
7689
Türkmenistanyň Prezidenti pagtaçylaryň zähmet ýeňşi hakyndaky hasabatlary kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň daýhanlarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri hakyndaky hasabatlary kabul etdi.
11.11.2021
7427
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň agzalarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler girizildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
11.11.2021
10993
Abiwerdde arheologlar gymmatly tapyndylary ýüze çykardylar
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen milli taryhy-medeni mirasymyzy içgin öwrenmek we gorap saklamak maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde taryhyň heniz açylmadyk sahypalaryny ýüze çykarmak boýunça yzygiderli işler dowam etdirilýär we olar öz oňyn netijelerini berýär.
11.11.2021
7389
Gözel Zubeýdanyň hatyrasyna gurlan aramgäh
Alamberdaryň aramgähiniň iki kilometr golaýynda, Astanababanyň beýle çetinde binagärlik toplumy bar. Bu ýere hemişe adamlar zyýarata gelýärler.
11.11.2021
6338
Ýaş zehinleriň çykyşy
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konmserwatroiýasynyň uly zalynda sazly agşam geçirildi. Fortepiano kafedrasynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowdan tälim alýan 1, 2, 3-nji ýyl talyplary dürli döwürleriň kompozitorlarynyň we saz ugurlaryndan eserleri ýerine ýetirdiler.
11.11.2021
21167
Immmunitete peýdaly Gündogar iýmişleri
Häzirki dietologlaryň pikirine görä, Gündogar iýmişleri – kişmiş, kakadylan erik, hurma we guradylan garaly beden ýaşlygy we ýürek sagdynlygy üçin has peýdaly nygmatlardyr. Bu iýmişler gadym döwürleden bäri türkmen saçagyny bezäp gelýär. Ir döwürler pederlerimiz çaý başynda ir-iýmiş iýipdirler.
11.11.2021
9597
«Beg ýüpek» HJ polipropilen ýüplügiň eksportyny artdyrýa
«Beg ýüpek» hojalyk jemgyýeti özbegistanly sarp edijilere önüminiň nobatdaky tapgyryny iberdi. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän bu kärhana, ýerli çig maldan öndürilen PP BCF (köp tarly) polipropilen ýüplük öndürmekde ýöriteleşýär. Türkmen öndürijileriniň köp tarly ýüplüklerine daşary bazarda isleg uly. Hojalyk jemgyýeti önümlerini Azerbaýjana, Türkiýä, Gazagystana, Saud Arabystanyna eksport edýär.
11.11.2021
4474
Türkmenistanda el hünärleri önümleriniň eksportyna bagyşlanan onlaýn konferensiýa geçirildi
USAID-iň telekeçiligi we işewür gurşawy ösdürmek boýunça taslamasy «Sanly bazarlary badaşdyryp» atly sebitleýin webinar geçirdi. Bu çärä dünýäniň on ýurdundan 40-dan gowrak telekeçi, elektron söwda we logistika boýunça hünärmen gatnaşdy. Maslahatyň maksady netijeli tejribe alyşmak we sanly ýollar arkaly türkmeniň el hünärleriniň önümlerini eksport etmekde täze çözgütleri gözlemek boldy.
10.11.2021
5289
Türkmenbaşy etrabynda «KAMAZ» okuw we hyzmat merkeziniň açylyş dabarasy boldy
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda «KAMAZ» kysymly ulaglary abatlamak, olara hyzmat etmek üçin okuw we hyzmat merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkeziň gurluşygyna hormatly Prezidentimiziň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda «KAMAZ» kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezini gurmak hakynda beren tabşyrygyna laýyklykda badalga berildi. «KamAZ FTC CORP. LLP» kompaniýasynyň buýurmasy boýunça «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi tarapyndan bina edilen desga bir günde 10 ulaga hyzmat edip bilýär.