mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Arhiw
news-photo

12.11.2021

total-veiw

2668

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Stambul şäherinde geçirilýän Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmagynyň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.

news-photo

12.11.2021

total-veiw

2183

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onda 30-njy oktýabrda geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň 15-nji maslahatynyň barşynda kabul edilen kanunlara garaldy. Şol kadalaşdyryjy hukuk namalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň esasy ugurlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Onuň işine gatnaşmaga köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem çagyryldy.

news-photo

12.11.2021

total-veiw

5614

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitindäki çykyşy

Ilki bilen, ýokary derejedäki şu duşuşygy gurandygy we oňa Türkmenistany çagyrandygy üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti hormatly Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

news-photo

12.11.2021

total-veiw

3804

Türkmenistan Gazagystanyň kompaniýalary bilen gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejebow Gazagystanyň logistika bilen meşgullanýan öňdebaryjy kompaniýanylarynyň wekilleri bilen duşuşyp, ulag we logistika pudagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdy.

news-photo

12.11.2021

total-veiw

32173

Ýurdumyzda hasyl toýy belleniler

Noýabr aýynyň ikinji ýekşenbe güni bellenýän Hasyl toýy orak, ekerançylyk we pagta ýygymy möwsüminiň tamamlanandygyny aňladýar, şonuň üçin esasy dabaralar oba hojalyk işgärlerine, daýhanlara, mülkdarlara, agronomlara, seleksiýaçylara we oba hojalygynyň beýleki zähmetkeşlerine bagyşlanar.

news-photo

12.11.2021

total-veiw

6141

Lebap welaýatynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy boýunça maslahat geçirildi

«Türkmenistanyň guraksy sebitlerindäki oba hojalyk jemagatlarynyň howa ýagdaýyna görä durnukly ykdysady işini goldamak» atly BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň hem-de USAID-iň maliýe goldawy arkaly tejribeli bagbanlaryň pikirleri we islegleri öwrenilip, Samarkantdan (Özbegistan) miweli agaç nahallarynyň 3140 sanysy satyn alyndy. 

news-photo

12.11.2021

total-veiw

34793

Konserwatoriýa meşhur sazanda Şükür bagşynyň 190 ýyllygyny dutaryň ajaýyp owazy we beýleki saz gurallarynyň mylaýym heňleri bilen belledi

Meşhur sazanda Şükür bagşynyň adyny bilmeýän ýekeje türkmen raýatam ýok bolsa gerek. Aramyzda gezip ýören bolsady, şu ýyl ady rowaýata öwrülen duşakly dutar ussady 190 ýaşyny doldurardy, ýöne onuň şöhraty ýüzýyllyklara-da aşar.

news-photo

12.11.2021

total-veiw

8154

Täze çeper halyçylyk ussahanasy

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Güýçbirleşik obasynda täze haly ussahanasynyň gurluşygy tamamlanýar. Önümçilik jaýlaryny Halajyň çeper haly kärhanasynyň buýurmagy bilen, Marynyň ýüňi gaýtadan işleýän kärhanasy we “Altyn gum” hususy kärhanasy gurdy.

news-photo

12.11.2021

total-veiw

5528

Ylýas Öwezgeldiýew – «Şöhrat» ordeniniň ähli derejesiniň eýesiniň ilkinjileriň biri

«Şöhrat» ordeniniň ähli derejesiniň eýesi öz döwrüniň gahrymany diýen ada deň bolan. Türkmenistanyň taryhynda olar dört adamdy: Ahmet Allaberdiýew, Ylýas Öwezgeldiýew, Ahmet Annadurdyýew we Muhammetguly Durdyýew. Olardan ýaşy boýunça ulusy 1914-nji ýylyň 12-nji fewralynda doglan Ylýas Öwezgeldiýewdi.

news-photo

12.11.2021

total-veiw

3950

Bol hasyl alyndy

Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bu ýyl hem geçen ýylky ýaly, däne kösükli we ýagly ekinleriň käbir görnüşlerini taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Mäşiň, noýbanyň we künjiniň iň köp öndürilýän ýeri ýurdumyzyň demirgazykda ýerleşýän welaýatynyň howa şertlerinde olary ösdürip ýetişdirmekde ýeterlik tejribe toplan S.Türkmenbaşy adyndaky we Köneürgenç etraplary. Ekin meýdanlaryndan ýygnalan hasylyň hemmesi ýöriteleşdirilen degişli barlaghanalarda hil barlagyndan geçirilýär.

...3345