16.10.2021
10689
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody gury ýük daşaýjy gämisini gurar
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody AGPJ
göterijilik ukyby 5300 – 8100 tonna bolan «Balkan» ýük gämisini gurar.
16.10.2021
14102
Tomaşaçylara täze kinofilmler hödürlenilýär
Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» Birleşigi tarapyndan «Çapar» we «Sähra aýdymy» atly çeper kinofilmler surata düşürildi. Olaryň premýerasy ýakyn günlerde bolar.
16.10.2021
9892
Iým taýýarlamak işi üstünlikli dowam edýär
Daşoguz welaýatynda mallaryň ýitgisiz gyşlamagy üçin, iým taýýarlamak işi üstünlikli dowam edýär. Mallaryň gyşda dok bolmagyna diňe olaryň gyşdan ýitgisiz çykmagy däl, eýsem soňundan köpelmegi hem baglydyr. Şonuň üçin bu sebitde iým tetärigini görmegiň guramaçylykly amala aşyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Munuň üçin bu ýerde wagtlaýyn iş toparlary döredilipdir, olar ot ormak, ýygnamak we daşamak üçin zerur bolan ýöriteleşdirilen enjamlary netijeli ulanýarlar.
15.10.2021
8126
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň senagat işgärlerine
Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň uly dabara bilen toýlanan ýylynda giňden bellenilip geçilýän Senagat işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz Watanymyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmek, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
15.10.2021
4663
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.
15.10.2021
3917
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
Ilki bilen, Belarus Respublikasynyň ýolbaşçylaryna şu mejlisi gurandygy üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!
15.10.2021
7622
Milli Liderimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň onlaýn tertipde geçirilen mejlisine gatnaşdy.
15.10.2021
7675
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 72 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.
15.10.2021
19097
«Laçyn» seýilgähi – dynç alyşa amatly ýer
Çalt depginlerde gurulýan we keşbini özgerdýän Aşgabat häzirki wagtda sebitiň ýaşamaga amatly iri işewürlik merkezine öwrüldi.
15.10.2021
46419
Türkmenistan – dermanlyk ösümlikleriň mekany
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistan – dermanlyk ösümlikleriň mekany» ady bilen Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň ХIII jilti bilen tanyşdyryş dabarasy boldy.