17.02.2026
6420
Ýylyň şygary Watanymyzyň ösüşiniň hatyrasyna belent sepgitlere ruhlandyrýar
Milli buýsanjymyz, halkymyzyň gymmatly mirasy, Döwlet tugramyzyň bezegi bolan ahalteke bedewi häzirki wagtda täze taryhy eýýamyň özgertmeler syýasatynyň netijesinde Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň, döredijilikli ösüş kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
17.02.2026
5419
Türkiýede Türkmenistanyň Kino günleri geçirilýär
2026-njy ýylyň 16-18-nji fewraly aralygynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Kino günleri geçirilýär. Bu çäre Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde we berkitmekde möhüm medeni waka öwrüldi.
17.02.2026
5016
Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»
2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynda Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly şygaryna bagyşlanan brifing geçirildi.
17.02.2026
4812
Türkmenistanyň DIM-inde Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk boýunça brifing geçirildi
2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlanan brifing geçirildi.
17.02.2026
4831
Sanly ykdysadyýet boýunça bäsleşik geçirildi
Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde ýurdumyzyň ugurdaş orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ykdysadyýet boýunça olimpiada geçirildi.
17.02.2026
4910
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ykjam telefonlar üçin goşundysy işe girizildi.
17.02.2026
4840
El-Kuweýt şäherinde türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda El-Kuweýt şäherinde Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi, onuň dowamynda Türkmenistanyň resmi ykdysady wekiliýeti ilkinji gezek Kuweýtiň Söwda-senagat edarasyna bardy.
17.02.2026
3630
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli täze sahna oýny sahnalaşdyrylýar
Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry tarapyndan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen ýylyň şygaryna bagyşlanan «Seýis» atly täze sahna oýnuny taýýarlaýar.
17.02.2026
2735
Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi: – Türkmenistanyň açyk gepleşiklere taýýarlygy onuň sebitde Ýewropanyň möhüm strategik hyzmatdaş hökmündäki derejesini tassyklaýar
17-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşigi bilen geçen ýyldaky giň hyzmatdaşlygyň netijelerini jemlemek we 2026-njy ýyl üçin esasy ugurlary kesgitlemek boýunça metbugat mejlisi geçirildi.
17.02.2026
5656
Türkmenistanyň 18 ýaşa çenli hokkeý boýunça ýygyndy topary Saraýewoda geçirilýän dünýä çempionatynyň ilkinji duşuşygynda Günorta Afrika Respublikasynyň toparyny utdy
Türkmen hokkeýçileri Bosniýa we Gersegowinanyň Saraýewo şäheriniň «Skenderiýa» sport meýdançasynda geçirilýän «B» toparçanyň üçünji diwizionynda 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky 27-nji dünýä çempionatyna Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndy toparyndan 4:3 (1:1, 1:2, 1:1) hasabynda üstün çykmak bilen başladylar.