20.08.2026
3262
Türkmenistan: energetika kuwwatyndan täze maýa goýum mümkinçiliklerine
Halkara maýadarlar ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklary bilen bir hatarda, infrastruktura, senagat ösüşi we ykdysadyýeti uzak möhletleýin diwersifikasiýalaşdyrmak üçin açylýan mümkinçiliklere hem barha uly üns berýärler.
20.08.2026
3278
«Soýuzmultfilm» kinostudiýasy Aşgabatdaky «Kids EXPO» sergisinde öz tekliplerini hödürledi
Türkmenistanyň paýtagtynda «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy dowam edýär. Her ýyl geçirilýän bu forum däp bolşy ýaly, çagalar üçin harytlary öndürýän öňdebaryjy ýerli we daşary ýurt öndürijileriniň, şeýle hem bilim, terbiýe we çagalaryň boş wagtlaryny guramak ulgamynda işleýän guramalaryň arasynda dialog üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.
20.08.2026
2415
Amerikan merkezi Aşgabatdaky «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly sergi-ýarmarkasynda öz bilim maksatnamalary bilen tanyşdyrdy
Türkmenistanyň paýtagtynda her ýyl geçirilýän ýöriteleşdirilen «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy dowam edýär. Bu ýöriteleşdirilen sergi çagalar we ýetginjekler üçin harytlary öndürýän, şeýle hem bilim we terbiýeçilik hyzmatlaryny hödürleýän öňdebaryjy ýerli we dünýä kompaniýalaryny birleşdirýän abraýly meýdança hökmünde tanalýar.
20.08.2026
2809
Türkmenistanyň Maşat şäherindäki Baş konsullygynda tegelek stol geçirildi
2026-njy ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherindäki Baş konsullygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetine, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama bagyşlanan tegelek stol geçirildi.
20.08.2026
2105
«Kids EXPO» sergi-ýarmarkasynda «Nowça TV» atly sanly platforma tanyşdyryldy
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda tanyşdyrylan çagalar üçin niýetlenen «Nowça TV» atly täze sanly platforma ýaş myhmanlarda we olaryň ene-atalarynda uly gyzyklanma döretdi. Täze sanly önümiň işläp taýýarlaýjysy hökmünde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirligi çykyş etdi.
20.08.2026
2358
«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti döwrebap tehnologiýalary bilen sergide
«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ýokary tehnologiýaly önümleriniň görnüşlerini yzygiderli giňeldip, şäher gurşawy we ulanyjylaryň amatlylygy üçin döwrebap çözgütleri durmuşa geçirýär. «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda kompaniýa çagalar üçin niýetlenen we maşgalanyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe täze önüminiň synag nusgalaryny görkezdi.
20.08.2026
1958
14 ýaşly Ali Geldiýew ýetginjekleriň arasyndaky «Roland-Garros» ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň çärýek finalyna çykdy
Türkmenistanyň 14 ýaşly tennisçisi, ýaryşdaky ilkinji çykyşyny geçirýän Ali Geldiýew Almatynyň «Gorky Tennis Park» tennis toplumynyň meýdançalarynda geçirilýän «Roland-Garros Junior Series» sebitleýin saýlama ýaryşynda iň güýçli sekiz türgeniň hataryna girdi. Bu üstünlik milli tennis sportumyzyň taryhynda ýene bir ajaýyp waka boldy.
19.08.2026
3242
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän “Arçman” şypahanasyna geldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ýerde goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurmak hem-de käbir binalary has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
19.08.2026
3558
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
Şu gün paýtagtymyzda “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady. Bagtyýar çagalygyň ýurdunda — eziz Watanymyzda her täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda şeýle sergini guramak asylly däbe öwrüldi.
19.08.2026
1951
Aşgabatda halkara «Kids Expo Chess Cup 2026» ýaryşy badalga aldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde küşt oýnunyň rapid we blis görnüşleri boýunça «Kids Expo Chess Cup 2026» atly halkara küşt ýaryşy badalga aldy. Oglan-gyzlaryň arasynda 8, 10 we 12 ýaşa çenli ýaş toparlarynda geçirilýän bu ýaryş «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly giň gerimli sergi-ýarmarkasynyň çäginde Türki döwletleriň küşt assosiasiýasynyň we Halkara mekdep küşt federasiýasynyň howandarlygynda geçirilýär.