21.08.2026
2494
«Altyn asyr» topary «Arkadag» toparynyň «Ahal» toparyndan üstün çykmagy netijesinde ikinji orna geçdi
Futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda geçirilýän çempionatyň 16-njy tapgyrynyň netijeleri boýunça ýaryş tertibiniň ilkinji üçlüginde birnäçe üýtgeşiklik boldy.
21.08.2026
2442
Lala Şöhradowa Hindistanda geçirilýän Aziýa çempionatynda altyn we kümüş medallara mynasyp boldy
Türkmenistanyň küştçüsi Lala Şöhradowa 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda geçirilýän Aziýa çempionatynda altyn we kümüş medallary gazanyp, milli sportumyzyň taryhyna ýene bir ajaýyp sahypany ýazdy. Aziýa yklymynyň 10 ýurdundan 157 sany ýaş küşt ussadyny bir ýere jemlän giň gerimli çempionat 16 – 26-njy awgust aralygynda Hindistanyň Mumbaý şäherindäki «ITC Maratha» myhmanhanasynda geçirilýär. Abraýly ýaryşyň guramaçylary Maharaştra ştatynyň Küşt assosiasiýasy bolup, ýaryş Bütinindiýa küşt federasiýasynyň (AICF), Aziýanyň küşt federasiýasynyň (ACF) hem-de Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) howandarlygynda geçirilýär.
21.08.2026
3058
Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasynda tegelek stol geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetine, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnamasyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi.
21.08.2026
4024
Sergide Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň täze önümleri görkezildi
Aşgabat şäherinde her ýyl geçirilýän «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy dowam edýär. Abraýly çäre ösüp gelýän nesil üçin niýetlenen harytlary we hyzmatlary öndürýän öňdebaryjy türkmen hem-de daşary ýurt kompaniýalaryny bir ýere jemleýän möhüm meýdança bolup durýar.
21.08.2026
3391
Türkmenistanly ýaş artist Moskwada geçirilýän halkara çagalar medeni forumynda çykyş etdi
2026-njy ýylyň 20-nji awgustynda Moskwa şäherinde V halkara çagalar medeni forumynyň çäklerindäki esasy çäreleriň biri bolan «Dostluk» atly gala-konsert geçirildi. Dabarada Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçysy Aýşat Rejepowa çykyş etdi.
21.08.2026
2778
Şekillendiriş sungaty muzeýi onlaýn sergilere çagyrýar
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi isleg bildirýänleri meşhur ahalteke bedewlerine bagyşlanan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly onlaýn sergi bilen tanyşmaga çagyrýar.
21.08.2026
2458
Türkmen küştçüleriniň ussatlygy ýokary baha mynasyp boldy
Aşgabat şäherinde «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin » atly halkara sergi-ýarmarkasy dowam edýär. Ýöriteleşdirilen forum ösüp gelýän nesil üçin niýetlenen harytlary, şeýle hem terbiýe, bilim we intellektual ösüş ulgamyndaky öňdebaryjy usullary hödürleýän ýurdumyzyň we dünýäniň öňdebaryjy guramalaryny bir ýere jemleýär.
21.08.2026
2980
Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler
2026-njy ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi.
20.08.2026
2986
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi.
20.08.2026
3559
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply hyzmatdaşlyk Watanymyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan strategik ugrudyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, BMG köptaraplaýyn kanunylyga eýe bolan ýeke-täk halkara guramadyr. Bu bolsa onuň dünýä bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleriň deňagramly we özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp taýýarlamakda ählumumy dialog meýdançasy hökmündäki möhüm ornuny kesgitleýär. Ýurdumyz BMG-niň işjeň we jogapkärli agzasy bolmak bilen, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tagallalary birleşdirmek, netijeli özara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edýär.