19.11.2026
916
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň Ösüş we intellektual eýeçilik boýunça komitetiniň 37-nji mejlisine gatnaşýar
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň hem-de Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň wekillerinden düzülen Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 16–20-nji noýabry aralygynda Ženewa şäherinde geçirilýän Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (WIPO) Ösüş we intellektual eýeçilik boýunça komitetiniň 37-nji mejlisiniň işine gatnaşýar.
19.11.2026
1259
Ýurdumyzda talyplaryň arasynda ykdysadyýet we filosofiýa ugurlary boýunça halkara olimpiadalar geçiriler
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda filosofiýa boýunça III halkara olimpiadanyň hem-de ykdysadyýet boýunça III halkara olimpiadanyň geçirilýändigini yglan etdi.
19.11.2026
2023
Mary welaýatynyň medeni durmuşyny ajaýyp waka bilen baýlaşdyran «Täze Balyk» restorany gapylaryny açdy
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan ýurdumyzyň husus ulgamynda iň öňdebaryjylaryň biri «Täze Aý önümleri» hojalyk jemgyýeti özüniň 22 ýyllyk baýramçylyk dabaralarynyň çäginde, Mary şäheriniň golaýynda döwrebap we täzeçil taslamany «Täze Balyk» restoranyny ulanmaga berdi.
19.11.2026
1369
Ýaşlaryň abadan geljegine bagyşlanyp maslahat geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda «Bedew batly Watanymyzyň ösüşleri – bagtyýar ýaşlaryň abadan geljeginiň kepili» ady bilen maslahat geçirildi.
18.11.2026
1114
Ekologiýa we howa durnuklylygyny üpjün etmek — ählumumy abadançylygyň kepili
Durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlary boýunça halkara dialoga işjeň gatnaşyjy hökmünde Türkmenistan bu meseleleriň durnukly çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşary syýasy ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyz sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm wezipelerine, şol sanda ekologiýa we howa meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşýändigini görkezýär.
18.11.2026
2223
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.
18.11.2026
1746
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy
Möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän däpleriň biridir.
18.11.2026
1402
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wise-başlygynyň arasynda duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Halkara hukugy we bitaraplyk meseleleri boýunça üçünji Aşgabat maslahatynyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň demografik meseleler boýunça wise-başlygy, Awstriýanyň parlamentiniň agzasy Gudrun Kugler bilen duşuşdy.
18.11.2026
1029
Yslamabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Ishak Daryň bilelikde başlyklyk etmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi.
18.11.2026
615
Türkmen hünärmenleri suw hyzmatdaşlygy boýunça sebit forumyna gatnaşarlar
Şu ýylyň 24 – 25-nji noýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde «Blue Peace Central Asia» (BPCA) başlangyjynyň çäklerinde suw hyzmatdaşlygy meselelerine we 2027-nji ýyl üçin işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge bagyşlanan sebit duşuşygy geçiriler.