08.05.2024
8853
Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy
Şu gün Bäherden etrabynyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.
08.05.2024
6185
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekilleri Awstriýada iş saparynda
5-nji maýdan bäri Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň iki mugallymyndan hem-de iki talybyndan ybarat türkmen wekiliýeti Awstriýanyň Grask tehniki uniwersitetinde iş saparynda bolýarlar.
08.05.2024
5247
«Aşgabat» topary «Şagadam» toparyndan üstün çykdy
«Aşgabat» futbol topary ýokary liganyň klublarynyň arasynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 13-nji tapgyrynyň açylyş oýnunda «Şagadam» toparyny ýeňdi. Paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçen duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy.
08.05.2024
6855
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady
Şu gün günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady.
08.05.2024
4398
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2024-nji ýyldaky dördünji sany okyjylara ýetirildi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň üstümizdäki ýylyň dördünji sany okyjylara ýetirildi.
08.05.2024
4946
Türkmenistanly karateçiler Samarkantda geçirilýän Merkezi Aziýa çempionatynda ýene 14 medal gazandylar
Türkmenistanly türgenler Samarkantda geçirilýän karate WKF boýunça Merkezi Aziýa çempionatynyň ikinji güni ýene 14 medal – üç altyn, iki kümüş we dokuz bürünç medal eýelediler.
08.05.2024
5210
Ýeňiş güni mynasybetli baýramçylyk konserti
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli geçirilen uly konsert «Men seni söýýärin, durmuş» atly aýdym bilen açyldy. Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahnasynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfonik orkestriniň ýerine ýetirmeginde Eduard Kolmanowskiniň sazy ýaňlandy.
08.05.2024
5715
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Türkiýeli kärdeşleri bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşdylar
2024-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Türkiýe Respublikasynyň Gümrük we söwda ministrliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.
08.05.2024
6021
Döwlet Baştutanymyz Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
08.05.2024
8596
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.