Ylym
23.12.2024
3571
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň esasy üns berýän mowzugy seýsmik howplara baha bermekdir
Aşgabatda «Seýsmik howplara baha bermek, bolup biljek ýer titremeleri öňünden bilmek we olara garşy iş alyp barmagyň milli mümkinçiliklerini artdyrmak» taslamasynyň çäginde jemleýji maslahat bolup geçdi.
20.12.2024
3912
TYA-nyň alymlarynyň ylmy makalalary «Çölleri özleşdirmegiň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly žurnalynda çap edildi
Türkmenistanda «Çölleri özleşdirmegiň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çap edildi. Žurnal Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parkynyň wekilleri – A.Rahmanowanyň, D.Gadamowyň we A.Akmyradowyň makalalary bilen açylýar.
20.12.2024
5318
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň IV möwsüminiň III oýnunyň ýeňijileri yglan edildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly hünäre ugrukdyryjy taslamanyň IV möwsüminiň III oýny geçirildi. Bäsleşik ýokary okuw mekdep hem-de onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýär.
20.12.2024
6783
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşigine kabul edildi
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşigine resmi taýdan kabul edildi.
18.12.2024
4321
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri Birleşen Arap Emirlikleriniň Diplomatik akademiýasynda okuw saparynda boldular
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldamagynda gurnalan BAE-niň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynda (AGDA) «Ählumumy baglanyşyklar: Birleşen Arap Emirlikleriniň syýasat, medeniýet we ykdysadyýet ulgamynda diplomatik taýýarlyk» okuwyny geçdiler.
17.12.2024
4534
Elektron okuw toplumlarynyň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bilim ulgamynda Innowasion tehnologiýalar festiwaly geçirildi.
13.12.2024
6898
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary çap edildi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary okuw mekdepler üçin täze okuw kitaplary çykaryldy.
13.12.2024
3888
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «UI GreenMetric» halkara görkezijisinde eýeleýän ornuny gowulandyrdy
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti dünýä uniwersitetleriň «UI GreenMetric» halkara görkezijisiniň täze neşiriniň netijeleri boýunça geçen ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirilende, 104 orun ýokary galyp 328-nji orny eýeledi.
11.12.2024
4735
Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň orta hünär okuw mekdepleriniň tejribesini öwrenýär
9-13-nji dekabry aralygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň orta hünär biliminiň işgärleri üçin Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) maksatnamasynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynda tejribeleri öwrenmek maksady bilen toplumlaýyn okuw çäreleri we duşuşyklary guraldy.
10.12.2024
3636
«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologik parkynyň «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnalynyň nobatdaky, üçünji sanynda ýurdumyzyň alymlarynyň Watanymyzyň ösüşinde ylmyň dürli pudaklarynda ileri tutulýan ugurlar boýunça ýerine ýetiren işleri ýerleşdirilipdir.