09.10.2023
4984
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi.
09.10.2023
9670
Ýerli gurluşyk kärhanalary Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň binalaryny gurarlar
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň “Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny amala aşyrmak hakynda” 2023-nji ýylyň 7-nji martynda çykaran 473-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine Arkadag şäherinde binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, doly taýýar edip gurmak şertinde ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
09.10.2023
8005
Alp Arslan adyndaky milli drama teatry «Biken» Halkara teatr festiwalynyň baýraklaryna mynasyp boldy
Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň toparynyň görkezen «Magtymguly Pyragy» oýny I «Biken» Halkara teatr festiwalynda eminleriň mynasyp bahasyny aldy.
09.10.2023
11957
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti talyplary himiýa boýunça II Halkara olimpiada çagyrýar
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda himiýa boýunça II Halkara internet olimpiadasyny geçirer.
09.10.2023
8273
Türkmenistanyň Adalatçysy zenanlaryň hukuklary boýunça sebitleýin maslahata gatnaşdy
Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy Ý.Gurbannazarowa 2023-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Demirgazyk Makedoniýanyň paýtagty Skopýe şäherinde geçirilen «Saýlamak hukugy: reproduktiw saglyk meseleleri boýunça karara gelmekde aýallaryň we gyzlaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek» atly ýokary derejeli sebit maslahatynyň işine gatnaşdy.
09.10.2023
5661
Türkmenistanda +33 gradusa çenli maýyl howanyň bolmagyna garaşylýar
Hepdäniň başynda ýurdumyzyň ýaşaýjylaryna maýyl howa garaşýar. Birnäçe ýerlerde gysga wagtlaýyn ýagyş ýagjakdygyna garamazdan, gündizlerine howanyň temperaturasy +33 gradus töwereginde bolar.
09.10.2023
7061
Mukamlar köşgünde dabaraly çäre geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dabaraly çäre geçirildi. Onda “Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň” ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň Halkara sanawyna girizilmegi bilen bagly degişli şahadatnamalar gowşuryldy.
09.10.2023
12574
Türkmenistanly karateçi we erkin göreş pälwany Hançžou şäherindäki Aziýa oýunlarynda bürünç medala eýe boldular
Türkmen türgenleri Hançžou şäherinde geçirilen ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynda bäsleşikleriň soňky güni iki bürünç medal gazandylar. Karateçi Baýry Baýryýew we erkin göreş pälwany Döwletmyrat Orazgylyjow şeýle üstünlige ýetdiler.
09.10.2023
5739
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 93 million 919 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy.
08.10.2023
5681
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Döwlet baýramy — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.