05.10.2023
5881
Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň taslamalary boýunça duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksanyň, Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystandaky wekilhanasynyň hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy Ýohannes Bauryň, şeýle hem Halkara söwda merkeziniň we Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German agentliginiň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
05.10.2023
6500
Türkmenistan türki dünýäniň «Gorkut ata» III kinofestiwalyna gatnaşar
Şu ýylyň 8–11-nji oktýabry aralygynda Baku şäherinde geçiriljek «Gorkut ata» türki dünýäsiniň üçünji festiwalyna kinomatografiýaçylardan, artistlerden we teležurnalistlerden ybarat bolan Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşar.
05.10.2023
11012
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «THE World University Rankings-2024»-e girdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «habarçy» derejesinde «THE World University Rankings-2024» (Bütindünýä uniwersitet derejeleri-2024) reýtinginiň 20-nji neşirine girdi.
05.10.2023
5713
Şalynyň bol hasyly kemala getirildi
Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda 2023-nji oba hojalyk ýylynda esasy azyklyk ekinleriň biri bolan şalynyň bol hasyly kemala getirildi. Häzirki wagtda bu möhüm azyklyk ekinine ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
05.10.2023
10456
Türkmenistanly boksça Hançžou Aziadasynda bürünç medal gowşuryldy
Hytaýyň Hançžou şäherinde geçýän ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynyň meýilnamasyndaky boks ýaryşynda ýedi sany agram toparynda medalçylar kesgitlendi.
05.10.2023
5696
Türkmenistan bilen Bütindünýä Banky Toparynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew bilen Bütindünýä Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit ýolbaşçysy Tatýana Proskurýakowanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
04.10.2023
5562
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda alyp baran işleriniň jemlerine garaldy. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň howpsuzlygyny, asudalygyny üpjün etmegiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, olaryň işini kämilleşdirmegiň meseleleri girizildi.
04.10.2023
5144
Türkmenistanyň Prezidenti Аzerbaýjan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
04.10.2023
4838
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi.
04.10.2023
5224
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella ýurduň Wenesiýa şäheriniň ýakynynda bolan, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren awtobus heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.