mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

27.07.2023

total-veiw

7657

Türkmen sahna sungatynyň öçmez ýyldyzy Aman Gulmämmedowyň öýünde

Fotosuratçy Alekseý Gimalitdinow ikimiz Türkmenistanyň halk artisti Aman Gulmämmedowyň ogly Myrat Gulmämmedowlara myhmançylyga bardyk. Öýüň içi öňküligine saklanyp galypdyr. Bu ýere geleniňden meşhur artistiň ruhy dünýäsine aralaşan ýaly bolýarsyň. Bu ýerde türkmen sahna sungatynyň öçmez ýyldyzy Aman Gulmämmedow taýýarlyk geçerdi, dynç alardy we myhman kabul ederdi. Ol bu ýerde aýaly — Türkmenistanyň halk artisti, opera aýdymçysy Maral Gulmämmedowa we iki ogly bilen ýaşaýardy.

news-photo

27.07.2023

total-veiw

5702

Halk Maslahaty – bitaraplyk, parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty

18-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Halk Maslahaty döwletimiziň alyp barýan bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna hem-de «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgesine laýyklykda halkara meseleleri bilen bagly köptaraplaýyn işleri geçirmekde, döwletleriň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi berkitmekde, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ösdürmekde möhüm orun eýeleýär.

news-photo

27.07.2023

total-veiw

5016

Akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Şu mynasybetli Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Magtymguly miras bize” ady bilen guralan giň göwrümli sergi hem-de geçirilen maslahat aýratyn täsirliligi bilen tapawutlandy.

news-photo

27.07.2023

total-veiw

10220

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň täze web-sahypasy daşary ýurtda bilim almak üçin ýardam eder

Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýylyň noýabr aýynda gol çeken Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakyndaky Konwensiýa goşulmaly kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi ýokardaky konwensiýada görkezilen milli maglumat merkezleriniň wezipelerini ýerine ýetirýän ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenildi.

news-photo

27.07.2023

total-veiw

9066

«Nesil» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar üçin göçme sergi guraldy

Soňky ýyllarda tebigat goragy boýunça jemgyýetçilik hereketi bütin dünýäde güýçlenýär. Şunuň bilen baglylykda, adamlarda ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly we akylly-başly çemeleşmegi terbiýelemek maksady bilen döredilen ülkäni öwreniş muzeýleriniň ähmiýeti artdy.

news-photo

27.07.2023

total-veiw

8656

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň futbol boýunça 2026-njy ýyl dünýä çempionatyna saýlama ýaryşyndaky garşydaşlary belli boldy

Eýranyň, Özbegistanyň milli ýygyndy toparlary, şeýle hem Gonkong we Butan toparlarynyň arasyndaky ilkinji saýlama ýaryşynyň ýeňijisi 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň ikinji tapgyrynda türkmen futbolçylary bilen bäsleşer. Bu ýaryşyň jemleýji bölümi ilkinji gezek üç ýurtda: ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriler. Şu gün Kuala-Lumpurda ýerleşýän Aziýa futbol konfederasiýasynyň edarasynda geçirilen bije atyşlygyň netijesine laýyklykda, bu ýygyndylar «E» toparyny emele getirdiler.

news-photo

26.07.2023

total-veiw

4119

Giň gerimli gurluşyklar — Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň nyşany

14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2023-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine garaldy.

news-photo

26.07.2023

total-veiw

4026

Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri geçirildi

Şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy iýulynda, wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri S.Muhriddiniň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri B.Saidowyň arasynda geňeşmeler geçirildi.

news-photo

26.07.2023

total-veiw

9316

Halkyň saglygy – ýurt baýlygy

Bu häzirki zaman Türkmenistanyň esasy şygarlaryndan biridir, ony ýörelge edinip, sagdyn jemgyýetiň berkarar döwletimiziň daýanjydygyny Halk Maslahatynyň soňky ýygnagynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda belläp geçdi.

news-photo

26.07.2023

total-veiw

4673

Okuw-hyzmat ediş merkezi gurulýar

Daşoguz şäherinde “KAMAZ” awtomobillerini abatlamak we bejergi hyzmatlary boýunça okuw-hyzmat ediş merkeziniň gurluşygy dowam edýär.

...3294