17.07.2023
3912
Balkanly nebitçiler üçin täze tehnikalar gelip gowuşdy
«Türkmennebit» döwlet konserni Diýarymyzda iň iri önümçilik-hojalyk pudagy bolmak bilen, nebitli-gazly ýataklary gözläp tapmakda hem-de olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda ägirt uly işleri durmuşa geçirýär.
17.07.2023
4919
Ýurdumyzyň žurnalistleri KHBS-i sanlylaşdyrmak boýunça öňdebaryjy tejribe bilen tanyşdylar
Gruziýanyň paýtagty Tbiliside köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmak boýunça öňdebaryjy tejribäni alyşmak boýunça seminar tamamlandy.
17.07.2023
5797
«Kämilleşmegiň ädimleri» atly maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de «Gujurly bilim merkeziniň» ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramaklarynda «Kämilleşmegiň ädimleri» atly maslahat geçirildi.
16.07.2023
4058
Bol hasylyň buşlukçysy: gowaçalar gülläp başladylar
Lebap welaýatynyň gündogar etraplarynda gowaçalar köpçülikleýin gülläp başladylar. Bu bol pagta hasylynyň buşlukçysydyr. Gündogar sebtiň oba hojalykçylary şu oba hojalyk ýylynda 130 müň gektar ýerde gowaça ekip, ondan bol pagta hasylyny almaklygy meýilleşdirýärler.
16.07.2023
7009
Durmuş we ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny mundan beýläk-de baýlaşdyrmak, abadan durmuşyny üpjün etmek, Watanymyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmak ýaly ileri tutulýan wezipeler geçen hepdäniň wakalarynda öz beýanyny tapdy.
16.07.2023
7399
Sahnada Moskwa sirkiniň ýyldyzlary
Sirk sungatynyň aşgabatly muşdaklary bize Russiýanyň döwlet sirkiniň, Wernadskiý şaýolundaky Moskwanyň uly döwlet sirkiniň hem-de “Московский цирк Никулина на Цветном бульваре” sirkiniň artistleriniň gelendigini, şeýle hem myhmanlaryň Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşandygyny bilýärler. Indi bolsa olaryň ajaýyp çykyşlary dolan Türkmen döwlet sirkiniň sahnasynda üstünlikli geçýär.
16.07.2023
6261
Sanly medeniýetleriň merkezine syýahat
Aşgabatdaky Fransuz institutynyň galereýasynda sungatyň täze bir görnüşi bolan sanly suratlardyr gurama şekilleriň wernisažy ýerleşdirilipdir. Fransuz institutynyň müdiri Rolen Guverne wernisaža ilkinji gelenleriň öňünde çykyş edip, bu serginiň maksadynyň sanly medeniýeti sungatyň täze bir görnüşi hökmünde giň halk köpçüligine ýetirmek islegidigini aýtdy.
16.07.2023
6954
«Balam» hususy kärhanasynyň islegli önümleri
Dürli çörek we konditer önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan Balam hususy kärhanasy «Suprems Sweets» (Özbegistan) we «Ramzi Somon LTD» (Täjigistan) bilen şertnama baglaşdy.
16.07.2023
5423
Talyplar bäsleşigi: Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryny gurmak babatda ýaşlaryň pikirleri
Aşgabatda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde
16.07.2023
5264
Türkmen alymlary Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy maslahata gatnaşdylar
Indiki ýyl akyldar, nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini halkara derejesinde giňişleýin bellemegiň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Ankaradaky edarasynda «Magtymguly Pyragy we türki halklaryň edebiýaty» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.