27.04.2023
5094
Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa-Hytaý” ministrler duşuşygyna gatnaşdy
2023-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Sian şäherinde “Merkezi Aziýa-Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň dördünji duşuşygynyň işine gatnaşdy.
27.04.2023
4149
Bagtyýar ýaşlar täze spektaklda
Şu günlerde Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda Öwezmämmet Galandarowyň režissýorlyk etmeginde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly täze spektakl sahnalaşdyrylýar.
27.04.2023
5431
Türkmen-Hytaý hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew hem Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Sin Gan “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň 4-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde Sian şäherinde ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler.
26.04.2023
6276
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda
Türkmeniň baýlygy we guwanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny ösdürmekde, atlary ösdürip ýetişdirmekde, olaryň baş sanyny artdyrmakda, ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda hem-de ýokarlandyrmakda gazanan uly üstünlikleri, ýokary netijeleri üçin we köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:
26.04.2023
5893
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany daşary ýurt raýatlaryna “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda
Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde gözelligiň hem-de kämilligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, dünýä döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, özara bähbitli tejribe alyşmak boýunça köp işler amala aşyrylýar. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary hem atçylygy ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmakda we tohum arassalygyny gorap saklamakda uly işleri alyp barýarlar.
26.04.2023
6803
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisi
Şu gün paýtagtymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisi geçirildi.
26.04.2023
4914
Türkmenistanyň Prezidenti Niderlandlaryň Patyşasyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandra we ýurduň dostlukly halkyna Niderlandlaryň milli baýramy — Patyşanyň güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
26.04.2023
5626
Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa we ýurduň ähli halkyna Günorta Afrika Respublikasynyň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
26.04.2023
5703
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum
Şu gün Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlady.
26.04.2023
6162
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň CAFA Nations Cup 2023 ýaryşyndaky garşydaşlary belli boldy
Şu günki bijä laýyklykda, 10-20-jni iýun aralygynda Merkezi Aziýa futbol Assosiasiýasynyň gatnaşmagynda geçirilýän CAFA Nations Cup 2023 ýaryşynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy «A» toparda Özbegistan respublikasynyň, Täjigistanyň respublikasynyň hem-de Omanyň milli ýygyndylary bilen güýç synanyşar.