23.12.2022
4453
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
23.12.2022
6649
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda elektrik energetikasy pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek barada Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy bilen baglaşan şertnamalarynyň möhletini uzaltmak we iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini, bahalaryny kesgitlemek barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.
23.12.2022
13205
«Şygryýet äleminiň öçmejek nury»
Şeýle at bilen Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap merkezindäki Magtymguly Pyragynyň muzeýiniň mejlisler zalynda welaýat häkimliginiň hem-de «Watan», «Edebiýat we sungat» gazetleriniň redaksiýalarynyň bilelikde guramagynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, maslahat geçirildi.
23.12.2022
4119
Täze ýyl baýramyna bol hasyl ýetişdirildi
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýer eýeleriniň, kärendeçi daýhanlaryň, mülkdarlaryň, telekeçileriň ekinlerden bol we ýokary hilli hasyl almaklary üçin ähli döwrebap şertler döredilen. Munuň özi, döwletimiziň oba hojalyk toplumyny, telekeçilik düzümlerini ösüşiň täze belentliklerine çykarmak ugrundaky irginsiz aladalarynyň anyk subutnamasydyr.
22.12.2022
5292
Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli diplomatiýasy: ösüşiň we hyzmatdaşlygyň bähbidine
Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» ylmy-tejribe žurnalynda iýul — sentýabr aýlaryndaky döwletimiziň daşary syýasy durmuşynyň möhüm ähmiýetli wakalary beýan edilýär.
22.12.2022
5527
Türkmenistanyň ajaýyp seneleri dünýä metbugatynyň sahypalarynda
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ata Watanymyz Türkmenistan dünýäniň köp sanly habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde durýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy, şeýle-de Halkara Bitaraplyk güni we ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli çärelerdir dabaralar geçirildi, Diýarymyzyň gazanýan üstünliklerini beýan edýän neşirler çap edildi.
22.12.2022
11030
Täze ýyla süýji önümler
«Hasar» hojalyk jemgyýetiniň telekeçileri çagalar we ulular üçin 200 müňden gowrak Täze ýyl sowgadyny taýýarladylar! Sowgatlarda belli «Çokomelon», «Snikers» ýaly kemputlar, içi şokoladly «Lezzet» kökesi, içi süýjüli «Desse» kempudy we marmelad bar.
22.12.2022
42807
«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmeginiň bäş ýyllygy
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli «Diller – dostluk köprüsi» atly iki aýlyk taslamanyň jemlerini jemlemek dabarasy geçirildi.
22.12.2022
9948
Türkmenistanyň ýaş figuralaýyn typyjylary buz üstündäki täze çykyşlaryny hödürlär
Täze ýyl baýramyna sanlyja gün galdy. Däp boýunça, Täze ýyl dabarasynyň öňüsyrasynda Aşgabadyň Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda buz üstünde täze çykyşlar taýýarlanýar.
22.12.2022
8005
Tehnologiýalar merkezi Arkadag şäheri üçin hyzmat portalyny we geomaglumatlar ulgamyny işläp düzer
Ahal welaýatynda gurulýan «akylly» Arkadag şäheri häzirki zaman şäher gurluşygyna degişli ekologiýa taýdan howpsuz serişdeleri we ulagy, ähli sosial hyzmatlaryň we durmuş goldaw ulgamlarynyň netijeli işlemegi üçin zerur bolan sanly çözgütleri özünde jemleýär.