03.12.2022
6562
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 24-nji tapgyrynyň gyzykly oýunlary
Ýokary liganyň toparlarynyň arasyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 24-nji tapgyry Aşgabat we Balkanabat şäherlerinde geçen iki oýun bilen başlandy.
02.12.2022
6266
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
02.12.2022
7420
Türkmenistanyň Prezidentiniň B.A.Handurdyýew hakynda Permany
Baýmyrat Aşyrdurdyýewiç Handurdyýewi Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
02.12.2022
8274
Hökümetara türkmen-rus toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
02.12.2022
6894
Hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
02.12.2022
15573
Türkmenistanda kömelekleri senagat taýdan ýetişdirmek boýunça iri önümçilikler döredilýär
Owadandepedäki «Üzümçilik» daýhan birleşiginde şampinýonlar maşgalasyndan telpeginiň aşagy kirpikli kömelek ýetişdirýän ýurdumyzda iri kärhana gurlup, işe girizildi. Telekeçi Babasadyk Çüriýew şampinýon öndürmekde dünýäde öňdebaryjylaryň biri «Sylvan» golland firmasyndan miseliý satyn aldy.
02.12.2022
12966
Türkmen pälwanlary Türkiýede geçirilen halkara ýaryşynda sekiz medala mynasyp boldular
Türkmen agyr atletikaçylary Türkiýanyň Ankara şäherinden meşhur ştangaçy Naim Süleýmanoglunyň hormatyna bagyşlanan halkara ýaryşyndan Watanymyza sekiz medal getirdiler.
02.12.2022
12297
Türkmen keşdeçilik sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi
Türkmen keşdeçilik sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar berişine görä, ÝUNESKO-nyň Marokkonyň Rabat şäherinde geçirilen Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň 17-nji mejlisinde şeýle çözgüdi biragyzdan kabul edildi.
02.12.2022
12207
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» Gadymy Hytaý siwilizasiýalary barada sowallara jogap bererler
2023-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň 2-nji oýny geçiriler.