19.07.2022
9877
Türkmenistanyň gümrük edaralaryny ösdürmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasy tassyklandy
2022-2028-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň gümrük edaralaryny ösdürmek meýilnamasy, şeýle hem bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň kabul eden Karary bilen tassyklandy.
18.07.2022
5899
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine oba hojalygynda we ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
18.07.2022
8898
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
“Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda çykaran 2572-nji Karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2022-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerine degişli üýtgetmeler we goşmaça girizildi.
18.07.2022
9488
Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş
Şu gün paýtagtymyzda Ýewraziýada üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly iki günlük halkara maslahat öz işine başlady.
18.07.2022
7054
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.
18.07.2022
9165
Ýüpek ýoly-2022 ralli ýaryşynda ildeşlerimiziň üstünligi
Ýaňy-ýakynda tamamlanan «Ýüpek ýoly-2022» ralli ýaryşynda «T2 1000 km.ýokary» görnüşi boýunça hormat münberine tutuşlygyna ildeşlerimiz galdylar. Russiýa Federasiýasynyň çäklerinde geçen awtoralli Astrahan şäherinde başlap, Moskwada tamamlandy.
18.07.2022
5478
Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň ikinji aýlawy başlandy
Mary şäherinde Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň 8-nji tapgyrynyň oýunlary başlandy.
18.07.2022
5256
Disneý multfilmleriniň mukamlary
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Multfilmleriň simfoniki meşhur aýdym-sazlary» konserti geçirildi. Konsertiň diňleýjileriniň aglabasy ýaşajyk saz muşdaklaryndan ybarat boldy.
18.07.2022
5538
Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň oýunlary dowam edýär
Mary şäherinde dowam edýän futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň 9-njy tapgyrynda «Deňizçi» topary bilen «Köpetdag» topary duşuşdylar. Oýun hiç bir topara ýeňiş getirmedi. Häzirki çempion we wise-çempion 0:0 hasabynda deň oýnap, olaryň her biri 2 utuk ýitirseler-de, ýaryş tertibinde öňdeligi saklap galdylar. Netijede «Deňizçi» topary 23, «Köpetdag» topary bolsa 21 utuga eýe boldular.
17.07.2022
5967
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahata gatnaşyjylara
Sizi «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu möhüm çäräniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara üstaşyr ulag geçelgelerini ýaýbaňlandyrmakda, özara arabaglanyşygy we ösüşi gazanmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn.