22.04.2022
6734
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
22.04.2022
7697
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň düzümi tassyklanyldy
Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
22.04.2022
8459
“Nebitmaş” döwlet kärhanasyna “Таджикская Алюминиевая Компания” AGPJ bilen şertnamalary tapgyrlaýyn baglaşmaga ygtyýar berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, gaýtadan işleýän senagat önümçiliklerini innowasion esasda ýola goýmak, içerki bazarlary daşary ýurtlarda öndürilýän harytlaryň ornuny tutýan harytlar bilen bolelin üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň “Nebitmaş” döwlet kärhanasyna önümçilik işlerinde zerur bolan 7 müň tonna sozulan alýumini hem-de 3 müň tonna guýma alýumin taýynçlaryny satyn almak barada Täjigistan Respublikasynyň “Таджикская алюминиевая компания” (TALCO) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnamalary tapgyrlaýyn baglaşmaga ygtyýar berildi.
22.04.2022
7694
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine “John Deere Walldorf GmbH & Co. KG” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we pudagyň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak hem-de oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny, olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny tapgyrlaýyn satyn almak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny 2022-nji ýylda Türkmenistana getirmek şertinde satyn almak barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “John Deere Walldorf GmbH & Co.KG” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
22.04.2022
6031
Maliýe bazarlaryny dolandyrmagy ygtyýarlylandyrmaga degişli edildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gymmatly kagyzlaryň bazaryny has-da ösdürmek maksady bilen, şeýle hem “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
22.04.2022
7388
Döwlet Baştutanymyz “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
22.04.2022
11070
«Waspyň sena boldy dillere bedew!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri
Türkmenistanyň Medeniýet ministirliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de «Edebiýat we sungat» gäzetiniň redaksiýasynyň bilelikde geçiren «Waspyň sena boldy dillere bedew!» atly döredijilik bäsleşi geçirildi.
22.04.2022
8706
Talyp olimpiýadalary: bilimiň we ösüşiň binýady
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde sanly ykdysadyýet boýunça olimpiýada geçirildi.
22.04.2022
5655
Kalplary heýjana getirýän mukamlar
Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestri saz muşdaklarynyň hemmesini dünýäniň nusgalyk saz älemine syýahata çagyrýar. Latyn Amerika özüniň tolgundyryjy, şowhunly, inçelikden dürli öwüşginli, islendik diňleýjini maýyl edýän sazlary bilen meşhurdyr.
22.04.2022
42296
Türkmenistanyň taryhy binalarynyň interaktiw kartasy
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik döwlet gullugy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalr merkeziniň Geografik maglumatlar ulgamy (GMU) laboratoriýasynyň EHM üçin progammasyny işläp taýýarlan toparyna 218 belgili awtorlyk şahadatnama gowşurdy.