23.04.2026
3364
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklar hasaba alnyp başlandy
2026-njy ýylyň 21 – 23-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklar hasaba alnyp başlandy.
23.04.2026
3092
Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy geçirmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi
22-nji aprelde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitiň gatnaşyjylaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak meselelerinde kenarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmek boýunça meýilnamalar barada habar berdi.
23.04.2026
2512
Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan BMG bilen AHHG-nyň hyzmatdaşlygy baradaky Baş Assambleýanyň täze Kararnamasyny bilelikde işlemegi teklip etdi
22-nji aprelde Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow möhüm başlangyç bilen çykyş etdi.
23.04.2026
2814
Bakja we miwe önümleriniň bolçulygy artýar
Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň bagbanlary dürli görnüşli ekinlere suwaryş işlerini geçirýärler.
23.04.2026
5501
Aşgabatda bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi geçirildi
Ýurdumyzda Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralaryň çäklerinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi geçirildi.
23.04.2026
3031
Türkmenistanyň BMG-nyň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşygy geçirildi.
23.04.2026
2661
Rumyniýada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi
2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Buharest şäheriniň Agrar ylymlary we weterinar lukmançylygy uniwersitetinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy bilen bilelikde gibrid görnüşde halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi.
23.04.2026
2188
Türkmenistanyň Ilçisi Ýaponiýanyň Ykdysady ösüş strategiýasy we durmuş taýdan üpjünçilik özgertmeleri boýunça ministri bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 23-nji aprelinde Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň agzasy, Ýaponiýanyň Ykdysady ösüş strategiýasy we durmuş taýdan üpjünçilik özgertmeleri boýunça ministri Minori Kiuçi bilen duşuşdy.
23.04.2026
3484
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň final tapgyrynda çykyş ederler
Türkmen tennisçileri öz atlaryny taryha ýazmaklaryny dowam edýärler. Olar 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Dewisiň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň final tapgyrynda çykyş etmäge ilkinji gezek hukuk aldylar.
23.04.2026
2354
Türkmen wekiliýeti «INNOPROM. Merkezi Aziýa» atly 6-njy halkara senagat sergisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-22-nji aprelinde Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary B.Tatowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti «INNOPROM. Merkezi Aziýa» atly 6-njy halkara senagat sergisiniň işine gatnaşdy.