24.02.2022
8169
Aziýa Kubogy-2023 ýaryşyna saýlama tapgyrda türkmen futbolçylarynyň garşydaşlary mälim boldy
Malaýziýanyň paýtagtynda onlaýn görnüşde bije çekişliginde türkmen futbolçylarynyň garşydaşlary Bahreýniň, Malaýziýanyň we Bangladeşiň ýygyndy toparlary boldular.
23.02.2022
7120
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de edebi döredijilik bilen meşgullandy.
23.02.2022
4139
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary
Saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyry — Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär.
23.02.2022
3393
Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karisi hem-de ýurduň halkyny Estoniýa Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen gutlady.
23.02.2022
5649
«Dialog – parahtçylygyň kepili» atly onlaýn maslahaty
2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen «Dialog –parahatçylygyň kepili» diýlip atlandyrylýan häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň täze filosofiýasyny döretmek baradaky başlangyjynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýetini çuňlaşdyrmaga hem-de Milli Liderimiziň parahatçylyk senasyny giňişleýin wagyz etmäge bagyşlanyp, «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly onlaýn maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
23.02.2022
7109
Ýurdumyzda Halkara zenanlar gününi bellemäge taýýarlyk işleri alnyp barylýar
Türkmenistanda ilkinji bahar baýramy – Halkara zenanlar gününi giňden bellemäge taýýarlyk görülýär. Medeni çäreleriň meýilnamasynda 1-2-nji marta «Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy» halkara maslahaty we sergisi, köp çagaly eneleri dabaraly gutlamak, ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda gözellik bäsleşigi we başga-da ençeme dabaralar bar.
23.02.2022
6959
Magtymguly hakyndaky filme aktýorlar saýlanylýar
Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi täze, gysgametražly filmde keşpleri ýerine ýetirmek isleýänleri synaga çagyrýar. «Istärin» atly kinofilm akyldar şahyr we filosof Magtymguly Pyragynyň ömri hem döredijiligi barada gürrüň berer.
23.02.2022
6579
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Russiýa Federasiýasynda resmi saparda boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça 2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde resmi saparda boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
23.02.2022
7650
Tebigaty goramagyň ylmy usullary
Türkmenistanyň YA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň daşky gurşawy goramak tehnologiýasy laboratoriýasy topragyň, suwuň, howanyň arassalygyny saklamagyň we olary zyýanly dürli maddalardan arassalamagyň usullarynyň ylmy-barlag işlerini alyp barýar.
22.02.2022
5978
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Tatarystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.