12.10.2026
2492
«Arkadag» futbol topary yzly-yzyna dördünji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy
«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň çempiony diýen adyny gorap saklady. Döwlet ähmiýetli «Arkadag» şäheriniň adybir topary bu üstünligi milli çempionatyň tamamlanmagyna bäş tapgyr galanda, 23-nji tapgyryň çäklerinde «Ahal» toparyny 4:0 hasabynda ýeňmek bilen gazandy.
12.10.2026
2661
Türkmenistanyň we Eýranyň ýokary okuw mekdepleri özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeldýär
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Maşatdaky Ferdöwsi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
12.10.2026
2598
Halkara bilim hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim edarasy bolan M.W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
12.10.2026
2098
Türkmenistanyň DIM-inde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit edarasynyň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Korinn Kapuano bilen duşuşyk geçirildi.
12.10.2026
3692
Seýran Atanýazow XX Delfiýa oýunlarynda kümüş medala mynasyp boldy
Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň we halkara Delfiýa komitetiniň howandarlygynda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde GDA agza ýurtlaryň ýaşlarynyň arasynda XX Delfiýa oýunlary geçirildi.
12.10.2026
2613
Türkmenistanyň küşt boýunça çempionatynyň ikinji ligasynyň saýlama tapgyry tamamlandy
Paýtagtymyz Aşgabatda, Daşoguzda, Türkmenabatda we Maryda Türkmenistanyň küşt boýunça 2026-njy ýyldaky çempionatynyň ikinji ligasynyň saýlama tapgyrlary tamamlandy.
12.10.2026
2288
Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe täze okuw kitaplary neşir edildi
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli lukmançylyk hünärleri boýunça bilim alýan talyplar üçin täze okuw kitaplary neşir edildi.
12.10.2026
1184
Mekdep okuwçylarymyz Koreýa Respublikasynda geçirilen dünýä çempionatynda üstünlik gazandylar
Mekdep okuwçylarymyz Koreýa Respublikasynda geçirilen «FIRST Global Challenge 2026» robot tehnikasy boýunça dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler. Türkmen ýaşlary «Skills Challenge» ugry boýunça ýekelikde kümüş medala, «Winning Alliance» ugry boýunça toparlaýyn esasda bürünç medala mynasyp boldular.
12.10.2026
2591
Şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzda boljak howa barada maglumat
Şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň çäginde az-kem ýagyş ýagmagy mümkin. Gündizlerine howanyň temperaturasy +30 gradusa we ondan ýokary derejä ýeter.
12.10.2026
2752
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.