13.07.2025
5480
Gahryman Arkadagymyz Awazada welosipedli gezelenç etdi
Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän köpugurly sport toplumyna geldi we bu ýerde adaty endigine eýerip, irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi.
13.07.2025
6068
Türkmenistanda sanly ulgamyň mümkinçilikleri işjeň ösdürilýär
Häzirki zamanda sanly ulgama esaslanýan giň gerimli maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasy hökmünde Internet adamlaryň gündelik durmuşyna berk ornaşyp, zähmeti guramagyň usullaryny, bilimiň we dynç almagyň görnüşlerini düýpli özgerdýär.
13.07.2025
7427
Türkmenistanda BMG-niň Ilat gaznasynyň 2025-nji ýylda dünýäniň ilaty hakynda ählumumy Hasabaty okaldy
Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy milli hyzmatdaşlarynyň we ösüş boýunça hyzmatdaşlarynyň öňünde her ýylyň 11-nji iýulynda bellenýän Bütindünýä ilat gününiň çäginde 2025-nji ýylda dünýäniň ilaty hakynda ählumumy Hasabatyny tanyşdyrmak bilen çykyş etdi.
13.07.2025
5163
Bagtyýar çagalaryň «Gara altyndaky» şatlyk-şowhuny Hazaryň kenaryna ýaň salýar
Şu günler Hazar deňziniň kenaryndaky dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan bagtyýar çagalar wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Bu ýerde olaryň göwnejaý dynç almaklary üçin netijeli işler durmuşa geçirilip, gyzykly çärelerdir dabaralar egsilmez joşguna, aýratyn ähmiýete beslenýär.
13.07.2025
6604
Türkmenistanly sürüjiler «Ýüpek ýoly» halkara ralli ýaryşyna gatnaşdylar
Irkutsk säherinde badalga alan «Ýüpek ýoly» halkara ralli 15 ýyllyk ýubileý ýaryşyna, Türkmenistan döwletinden üç ekipaž gatnaşýar. Bu ýaryş Russiýanyň we Mongoliýanyň çäklerinden geçer.
12.07.2025
3701
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşygy
Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşdy.
12.07.2025
3639
Türkmenistanyň we Günorta Sudanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
2025-nji ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Günorta Sudan Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Mondeý Simaýa Kumbanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
12.07.2025
4753
Fransuz institutynda küşt oýnunyň blis görnüşi boýunça ikinji ýaryş geçirildi
Şu gün Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky fransuz institutynda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň bu ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçylygy bilen bilelikde ýola goýan «ýyldyrym çaltlygyndaky» (blis) ikinji küşt ýaryşyna dürli ýaşdaky 40-dan gowrak oýunçy gatnaşdy.
11.07.2025
8904
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.
11.07.2025
4523
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.