21.05.2025
6315
Ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy ilerledip
Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirip, sebit we halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça anyk teklipleri öňe sürýär, ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wakalary hem munuň şeýledigine aýdyň güwä geçýär.
21.05.2025
4187
Türkmenistan BMG bilen ýaşlar syýasaty babatyndaky hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär
2025-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýaşlaryň işleri boýunça kömekçisi Felipe Paulýeriň arasynda duşuşyk geçirildi.
21.05.2025
5034
Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynda dabaraly çäre geçirildi
21-nji maýda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň mejlisler jaýynda «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan – bütin dünýäniň halkara parahatçylyk we ynanyşmak Watany!» atly dabaraly çäre geçirildi.
21.05.2025
5275
Okuw ýyly üstünlikli jemlenýär
Berkarar Diýarymyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, okuwçylara dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim bermek, onuň üçin mümkin bolan ähli şertleri döretmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, şeýle hem bu ulgama sanly tehnologiýany ornaşdyrmak ýaly wajyp ugurlary öz içine alýan «Bilim» syýasaty ýurdumyzyň Lebap welaýatynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär.
21.05.2025
3876
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Tähran şäherinde türkmen wekiliýetiniň Eýrana iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşygy geçirildi.
21.05.2025
3454
Tähran şäherinde Hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 19-20-nji maýynda Tähran şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň birnäçe döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
21.05.2025
2903
Türkmen baýramçylyk nyşanlary Kuala Lumpur şäheriniň Garaşsyzlyk meýdançasynda
Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli hem-de 2025-nji ýylyň Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşinde taryhy senedigi, ýagny Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy, şeýle-de şu ýylyň Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, Kuala Lumpur şäheriniň merkezinde ýerleşýän Malaýziýanyň Garaşsyzlyk (Merdeka) meýdançasynyň iň uly ekranynda 19-20-nji maýda iki günlük aksiýa geçirilýär – Türkmen baýdagynyň reňkli suraty we 2025-nji ýylyň logotipi görkezilýär.
21.05.2025
5082
Aşgabatda halkara ders bäsleşikleriniň ýeňijileri sylaglandy
20-nji maýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde halkara ders bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Şol bäsleşiklerde zehinli türkmen okuwçylary ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, dürli gymmatlykdaky medallary gazandylar.
21.05.2025
4599
Kamil Weliahmedow – reňk duýgusy üýtgeşik suratkeş
Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kamil Weliahmedowyň şahsy işleriniň sergisi açyldy.
21.05.2025
3474
Türkmenistanda pars dilini gorap saklamak gününe bagyşlanan çäre geçirildi
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda pars dilini gorap saklamak gününe we beýik pars şahyry Abulkasym Firdöwsiniň hatyrasyna bagyşlanan çäre geçirildi.