16.12.2024
3082
Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine we Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäherinde geçirilýän Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisiniň we Türkmen-eýran işewürlik maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
16.12.2024
3185
Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we ýurduň ähli halkyna Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
16.12.2024
4098
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
15.12.2024
3604
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäheriniň Wenada ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolandygy baradaky hoş habar gelip gowuşdy.
15.12.2024
14660
Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy
Şu gün ýurdumyzyň Baş arçasy şadyýan aýdymlaryň, ajaýyp sazlaryň owazynyň astynda we ýaşajyk türkmenistanlylaryň ýerine ýetiren tansly kompozisiýalary bilen dürli yşyklarda ýalkym saçdy.
15.12.2024
7720
Daşoguz welaýatynda futbol boýunça tälimçileriniň we eminleriň hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi
Daşoguz welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň mejlisler zalynda futbol boýunça tälimçileriniň we eminleriň hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi.
14.12.2024
5824
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gyşynyň tenekar säheriniň irki pursatlarynda täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
14.12.2024
2893
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny hemişelik Bitaraplygyň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
14.12.2024
5705
Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary
Şu gün ýurdumyzyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni dabaraly bellenildi. Ulgamyň işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň merkezi binasynyň mejlisler zalynda baýramçylyk dabarasy geçirildi.
14.12.2024
4022
Daşoguz welaýatynda syýahatçylyk pudagy çalt ösýär
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda dowam edýän ýylda Daşoguzyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gelýänleriň arasynda bu sebite syýahatçylyk ugry boýunça gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň sany artdy.