26.05.2025
4026
«Ak şäherim Aşgabat» köpugurly halkara sergisine we maslahatyna gatnaşyjylaryň teswirleri
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi. Çäre öňdebaryjy dünýä kompaniýalarynyň we ýolbaşçylarynyň ünsüni özüne çekdi, olar türkmen paýtagtynyň we sebitiň ösüş mümkinçiligi barada öz pikirini beýan etdiler.
26.05.2025
5899
Ýurdumyzda hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat
Hepdäniň birinji ýarymynda Türkmenistanda bulutly howa bolup, gysga wagtlyk ýagyş ýagar. Hepdäniň ahyryna howanyň temperaturasy ortaça +39 gradusa çenli gyzar.
26.05.2025
5862
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 290 million 656 müň 400 dollaryna deň boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
26.05.2025
4818
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä Gruziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
25.05.2025
8692
«Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak, kämilleşdirmek hem-de geljek nesillerimize ýetirmek ugrunda ýurdumyzda amala aşyrylýan netijeli işler adamzadyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan gadymy halyçylyk sungatymyzy ösdürmekde hem möhüm ähmiýete eýedir. Halyçylyk sungaty türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan deňsiz-taýsyz goşandydyr. Dürli öwüşginli dünýä meşhur halylary dokaýan çeper elli gelin-gyzlarymyzyň bu ugurda alyp barýan işleri juda uludyr, olar döwlet derejesinde sylag-hormata mynasypdyr.
25.05.2025
7457
Türkmenistanda «Soňky jaň» mynasybetli dabaralar geçirildi
Şu gün Türkmenistanda 2024-2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň kakyldy.
25.05.2025
6288
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
Şu gün paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.
25.05.2025
4171
Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni giňden belleniler
3-nji iýunda Bütindünýä welosiped gününi bellemek üçin Türkmenistanda birnäçe sport çäreleri guralar.
25.05.2025
2701
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni we «Daewoo E&C» kompaniýasy hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
«Ak şäherim Aşgabat» halkara maslahatynyň umumy mejlisinde çykyş edip, Koreýa Respublikasynyň iri gurluşyk kompaniýalarynyň biri «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň prezidenti we ýerine ýetiriji direktory Kim Bo Hen Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda gazanan üstünliklerine ýokary baha berdi.
25.05.2025
5942
«Ak şäherim Aşgabat» sergisinde «Aýgül» atly robot we beýleki täzelikler
24-nji maýda Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Aşgabat şäher häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan bu çäresi Aşgabat şäheriniň gününi bellemegiň öňüsyrasynda hakyky möhüm waka öwrüldi.