17.10.2024
5614
Magtymguly Pyragynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň gyrgyz diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
17.10.2024
5513
Özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli dialog
Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçirildi.
17.10.2024
4425
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi.
17.10.2024
10293
Türkmenistanda Maddy däl medeni mirasyň Halkara güni bellenildi
Her ýylyň 17-nji oktýabrynda ÝUNESKO agza döwletlerde Maddy däl medeni mirasyň Halkara güni bellenilip geçilýär. Şu mynasybetli Türkmenistanda birnäçe degişli çäreler geçirildi.
17.10.2024
5071
Türkmenistanyň we Italiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlygy giňeldýärler
Aşgabatda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Italiýanyň daşary ýurtlylar üçin Peruji uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.
17.10.2024
4949
Türkmenistan – ÝUNESKO: tejribe we hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
2024-nji ýylyň 9 – 24-i oktýabry aralygynda Parižde ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň 220-nji mejlisi geçýär, oňa Türkmenistanyň wekilleri-de gatnaşýar. Bu gurama agza ýurtlaryň ÝUNESKO boýunça Milli komissiýalarynyň adaty duşuşygyna ýurdumuzuň adyndan Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew we Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa gatnaşdy.
17.10.2024
6170
Magtymguly Pyragynyň filosofiýasy Bitarap Türkmenistanyň syýasatynyň esasyny düzýär
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň hormatyna bagyşlanan baýramyň bütin dünýäni gurşap alandygy baradaky sözüni şu ýylyň köp wakasy tassyklaýar. 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum bu wakalaryň arasynda aýratyn orna eýedir.
17.10.2024
6151
«Demirýollary» APJ ýolagçylar üçin täze hyzmaty hödürleýär
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öz işinde howpsuzlyk we rahatlyk ülňülerini ulanmak ugrunda yhlasly işlemegini dowam etdirýär. Ýolagçylar üçin amatlylyk we arassaçylyk şertlerini ýokarlandyrmak üçin ýene bir täsirli ädim täze bir hyzmatyň – «Bir gezeklik düşek ýüzleri» hyzmatynyň girizilmegi boldy.
17.10.2024
6338
«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň ikinji gezek çempiony boldy
«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň çempiony diýen ady saklap galdy. Döwlet derejeli şäheriň adybir topary milli çempionat gutarmazdan bäş tapgyr öň Balkanabadyň «Nebitçi» toparyny 28-nji tapgyryň soňa goýlan duşuşygynda 5:1 hasabynda utup, şu üstünligi möhletinden öň gazandy.
17.10.2024
4441
Yslamabat şäherinde Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň birnäçe duşuşyklary geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda duşuşyk geçirildi.