18.10.2024
7242
Raýatlaryň hukuk we kanuny bähbitleri
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň ygtybarly hukuk esaslaryny döretmek hem-de raýatlaryň syýasy, zähmet, durmuş, medeni we beýleki hukuklaryny kanun esasynda üpjün etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
18.10.2024
4563
Adam hukuklary boýunça milli guramalaryň Bütindünýä bileleşigi tarapyndan ynanç bildirilme meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynda Adam hukuklary boýunça milli edaralaryň Bütindünýä bileleşigi tarapyndan ynanç bildirilmegi boýunça wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk bolup geçdi.
18.10.2024
5463
Türkmenistanyň alpinistleri «Manaslu» depesinde Döwlet baýdagyny dikdiler
«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalar toparynyň işgärleri belentligi boýunça dünýäde sekizinji orunda durýan Gimalaý daglarynyň «Manaslu» depesine (8163 m) çykdylar. Onuň çür depesinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy parlady.
18.10.2024
5114
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy Aziýada çalt ösýän gurama hökmünde ykrar edildi
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy Aziýanyň iň çalt ösýän guramalarynyň biri diýlip ykrar edildi. Şeýle çözgüt Gonkongda geçirilen Aziýa Tennis federasiýasynyň (ATF) Baş Assambleýasynda yglan edildi, onuň çäklerinde ATF-nyň başlygy Ýuriý Polskiý Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletowa degişli ýadygärlik sowgadyny gowşurdy.
18.10.2024
5970
Mugallymlar Ýaponiýada hünärini ýokarlandyrýarlar
5-nji oktýabrdan 22-nji dekabra çenli Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary üçin Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetine iş sapary guraldy.
18.10.2024
6918
Türkmen alabaýlary şekillendiriş sungatynda we fotosuratlarda
27-nji oktýabrda ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden belleniler, onda adatça döredijilik ýaryşlary we bäsleşikleri geçiriler. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda geçirilýän «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigi baýramyň bezegi bolar.
18.10.2024
5284
Paýtagtymyzda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly başlandy
Şu gün paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre şu ýylda gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýar.
18.10.2024
4595
Ýewraziýa patent guramasynyň Ýewraziýa patent edarasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewraziýa patent guramasynyň (ÝPG) Ýewraziýa patent edarasynyň Prezidenti Grigoriý Iwliýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.
18.10.2024
5656
Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalyna gatnaşyjylara
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçirilýän Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
17.10.2024
3604
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Watanyma dolanyp gelen badyma Size hoşallyk sözlerini beýan etmegi makul bildim. Soňky günleriň wakalary mende uly täsir galdyrdy.