04.12.2024
4132
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri bilen duşuşygy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşdy.
04.12.2024
6400
Türkmenistan — Türkiýe: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär
Şu gün paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy, şeýle hem onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Häzirki wagtda Türkmenistan we Türkiýe ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, aýratyn-da, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler. Serginiň işine dostlukly ýurduň döwlet düzümlerinden, hususy pudagyň wekillerinden ybarat uly toparyň gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir.
04.12.2024
6132
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň 17-siniň wekilleri startap-taslamalary ösdürmek boýunça ýörite okuwlary özleşdirýärler
29-njy noýabrdan 10-njy dekabry aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmen-Hindi innowasion tehnologiýalary merkeziniň binýadynda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň wekilleri üçin startap-taslamalary ösdürmek boýunça ýörite okuwlar geçirilýär.
04.12.2024
12580
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli çäreler geçirilýär
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphanasynyň we Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda «Ata-baba halkyň ygrar-messebi, baky Bitaraplyk – bagtyň mesgeni» atly çäre geçirildi.
04.12.2024
13668
Türkmenistan Halkara Bitaraplyk gününi bellemäge taýýarlyk görýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 29-njy noýabrda bolan mejlisinde ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görmek işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
04.12.2024
6231
Çeperçilik akademiýasynyň talyplary döredijiliklerini görkezýärler
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi merkezinde 2024-nji okuw ýylynda esasy waka boldy, ýagny hasabat sergisi açyldy. Şu ýyl talyplardyr mugallymlaryň döreden iň gowy eserleri köpçülige görkezilýär.
04.12.2024
3704
Italiýaly analitikler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda myhmançylykda
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategiki barlaglar boýunça ylmy merkeziniň bilermen-işgärleri ýylsaýyn iş gatnaşyklarynyň çägini giňeldýärler.
04.12.2024
4824
Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri gepleşikleri geçirdiler
2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň Ilçisi Federiko Faillanyň ýolbaşçylygyndaky Italiýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
04.12.2024
4352
Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 28-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi bilen duşuşygy geçirildi.
04.12.2024
4979
Türkmen wekiliýetiniň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Ministrler Geňeşiniň 28-nji mejlisine gatnaşmagy hakynda
2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň (YHG DIMG) 28-nji mejlisine gatnaşdy.