mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

10.06.2024

total-veiw

6332

Daşoguz welaýatynyň zähmetkeşleri galla oragyna taýýar

Daşoguz welaýatynda galla ýygnamak üçin ýöriteleşdirilen tehnikalar ýeterlik derejede taýýarlanyldy. Ýakyn günlerde üç ýüzden gowrak belli «John Deere» we «CLAAS» kysymly kombaýnlary ýetişdirilen bol galla hasylyny köpçülikleýin ormaga gatnaşar.

news-photo

10.06.2024

total-veiw

5714

Türkmenistanda «Telekeçi zenanlar akademiýasy» maksatnamasy geçirildi

Türkmenistanda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldamagynda Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler bileleşigi şu ýylyň mart aýynda başlanan «Telekeçi zenanlar akademiýasynyň» birinji maksatnamasy geçirildi.

news-photo

10.06.2024

total-veiw

5426

Disneýiň 100 ýyllygyna bagyşlanan jadyly agşam

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Disneýiň multfilmlerinden düzülen saz agşamy şowly geçdi. Zala ýygnanan tomaşaçylaryň ýarsy çaga bolsa, beýleki ýarsy olaryň ene-atalarydy, şonuň üçinem ol çagalaryň we ulularyň isleglerine doly gabat gelýän konsert boldy.

news-photo

10.06.2024

total-veiw

4873

Ýurdumyzda boljak howa barada maglumat

Ýurdumyzda yssy we birnäçe welaýatlarda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Käbir sebitlerde howanyň ortaça temperaturasy + 42 gradus bolar.

news-photo

10.06.2024

total-veiw

5910

Alymlar azyk biotehnologiýasy esasynda täze önümleri işläp taýýarlaýarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 7-nji iýunda gol çeken Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hem-de ony Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky diýip atlandyrmak baradaky karary ýurduň ykdysadyýetinde tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmaga, ylmyň gazananlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmäge, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion taslamalara işjeň gatnaşmagyny gazanmak, innowasion önümleriň önümçiligini ýola goýmaga gönükdirilendir.

news-photo

10.06.2024

total-veiw

4730

Türkmenistanyň wekilleri maglumat elýeterliligi merkeziniň dolandyryjy okuw maslahatyna gatnaşdylar

Bary-ýogy birnäçe ýyl mundan öň Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň innowasiýa we maglumat merkeziniň çäginde Koreýa Respublikasynyň Milli Maglumat jemgyýeti guramasy bilen bilelikde döredilen Aşgabat Maglumat elýeterliligi merkezi işinde ep-esli üstünlik gazandy. 

news-photo

10.06.2024

total-veiw

6386

Balkan welaýatynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat derejesindäki jemleýji tapgyry geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ony döwrebap derejede kämilleşdirmek, bu ugra zehinli ýaşlary giňden çekmek maksady bilen, eziz Diýarymyzda çäksiz möçberli täsirli çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň özi, ýaş nesliň kalbynda halkymyzyň köklerini gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan aýdym-saz sungatyna bolan höweslerini, söýgi-buýsançlaryny has-da artdyrýar.

news-photo

10.06.2024

total-veiw

4969

Medeniýet hepdeligine bagyşlanan sergi

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde iýun aýynyň 3-nji ongünlüginde dünýäniň iň kämil innowasion tehnologiýalary ornaşdyrylan Arkadag şäherinde geçiriljek medeniýet hepdeligine, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet we sungat ruhubelentligiň çeşmesi» atly giň göwrümli sergi öz işine başlady.

news-photo

09.06.2024

total-veiw

4682

Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza ýurduň milli baýramy — Portugaliýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

news-photo

09.06.2024

total-veiw

4070

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ýurdumyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmek, dünýä derejesindäki at-abraýyny has-da beýgeltmek, halkymyzyň röwşen geljegini üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

...3340