Ï Alymlar azyk biotehnologiýasy esasynda täze önümleri işläp taýýarlaýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Alymlar azyk biotehnologiýasy esasynda täze önümleri işläp taýýarlaýarlar

view-icon 2383
Alymlar azyk biotehnologiýasy esasynda täze önümleri işläp taýýarlaýarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 7-nji iýunda gol çeken Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hem-de ony Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky diýip atlandyrmak baradaky karary ýurduň ykdysadyýetinde tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmaga, ylmyň gazananlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmäge, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion taslamalara işjeň gatnaşmagyny gazanmak, innowasion önümleriň önümçiligini ýola goýmaga gönükdirilendir.

Hususy pudagyň işjeň gatnaşmagy bilen innowasion önümlerini öndürmekde Tehnologiýalar merkeziniň dürli barlaghanalarynyň alymlarynyň gazanan üstünlikleri bar, olar bu üstünlikleri ýetip gelýän Ylymlar gününe bagyşlaýarlar. Iýmit tehnologiýalary barlaghanasynda iýmit biotehnologiýasy usullaryny ulanyp, ýerli çig maldan ekologiýa taýdan arassa we ykdysady taýdan bähbitli täze önümleri öndürmek boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Barlaghana şertlerinde alnan täze önümleriň arasynda köp mukdarda beta-karotin, belok, kletçatka, witaminler we minerallar bolan kädi ununy agzamak bolar. Barlaghananyň ýaş alymlary ony çörek we süýji-köke önümleriniň düzümini baýlaşdyrmak üçin ulandylar. Barlaghanada taýýarlanan owranyp duran kökede on göterim kädi uny bar. Ol kökä ýakymly reňk, ys we süýji tagam berýär. Çörek we konditer önümleriniň beta-karotin bilen baýlaşdyrmak A witamin ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin möhümdir.

Alymlar kädi ununy we ondan bişirilen owranyp duran kökäni azyk önümçiligine girizmegiň üstünde işleýärler. Kädi uny azyk senagatynda reňk berýän tebigy serişde hökmünde hem ulanylar.

Çörek önümleriniň düzümini baýlaşdyrmak we olaryň ýokumlylygyny artdyrmak maksady bilen, giňden tanalýan mäşden un taýýarlamak boýunça Iýmit tehnologiýalary barlaghanasynda ylmy we synag işleri geçirildi. Ylmy-barlag işinde nusga hökmünde ýurdumyzyň oba hojalygynda ösdürilip ýetişdirilýän mäş saýlanyp alyndy. Ylmy-barlaglar mäş ununyň ýokumlylygynyň ýokarydygyny görkezdi. Ol düzüminde kleýkowinanyň ýokdugy, beloklara, kletçatkalara, witaminlere, mikroelementlere baýlygy we ýeterlik derejede kaloriýasynyň bolmagy bilen tapawutlanýar.

Iýmit tehnologiýalary barlaghanasynda mäş unundan taýýarlanan owranýan köke glýuten belogy az bolan hoşboý ysly kitirdewük önümdir. Mäş unundan bişirilen çörek önümleriniň ýokary ýokumlylygy olary keselden soňky ýagdaýda we surnukmadan adam bedenini dikeltmek üçin iýmit önümi hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär. Bu ylmy önümi, ýurdumyzyň azyk senagaty kärhanalarynda durmuşa geçirmek üçin içerki telekeçilere hödürlenýär.

Iýmit tehnologiýalary barlaghanasynyň alymlary telekeçiler bilen dürli azyk önümlerini taýýarlamakda giňden ulanylýan ýumurtga tozuny almagyň galyndysyz tehnologiýalaryny işläp düzmek we önümçilige ornaşdyrmak boýunça-da iş alyp barýarlar. Ýumurtga adam bedeni üçin zerur bolan ýokary hilli beloklaryň çeşmesidir. Onuň düzüminde witaminler, ornuny hiç zat tutmajak aminokislotalar, minerallar we ýag kislotalary bar. Alymlar barlaghana şertlerinde oba hojalyk mallarynyň we guşlaryň iýmitini minerallar, esasanam, kalsiý bilen baýlaşdyrmak üçin ulanyp boljak tutuş ýumurtga tozuny, ýumurtga sarysynyň tozuny, ýumurtga agynyň tozuny we ýumurtga gabygynyň tozuny aldylar.

Iýmit tehnologiýalary barlaghanasynyň alymlary täze önümleriň hataryny işläp düzmek arkaly ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän önümler bilen bäsleşip biljek peýdaly, ekologiýa taýdan arassa we howpsuz azyk önümleriniň bollugyna goşant goşmaga çalyşýarlar. Azyk önümlerini uzak möhletleýin saklamak tehnologiýalaryny kämilleşdirmäge-de uly üns berilýär.