Hyzmatdaşlyk
31.08.2021
3956
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Awstriýa Respublikasynyň wekilleri Owganystandaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle-de migrasiýa meselelerine jogapkär guramalarynyň wekilleriniň owgan meselesi boýunça onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi, diýip DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
27.08.2021
5605
Türkmenistanyň DIM-de Ýaponiýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi.
24.08.2021
6615
Owganystandaky ýagdaýlar Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň DIM-leriniň wekilleriniň arasynda ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça döwlet ministri, Uimbldonyň Lordy Ahmad bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
23.08.2021
5768
Adam hukuklary boýunça Pudagara toparyň mejlisi
Daşary işler ministrliginde adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
21.08.2021
7544
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary
Wideo aragatnaşygy arkaly geçirilen hökümet mejlisinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Nýu-Yorkda işe başlajak nobatdaky, 76-njy mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary kesgitlendi.
19.08.2021
4240
Türkmenistan Owganystandaky daşary ýurtly raýatlary çykarylmagy üçin özüniň howa giňişligini üpjün edýär
«Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda aglaba ýurtlar özleriniň Owganystandaky raýatlarynyň bu ýurtdan guramaçylykly çykarylmagyna girişdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryndan hem gelip çykýan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek arkaly, ýokarda görkezilen şahslaryň daşary ýurt döwletleriniň howa gämileri bilen äkidilmegi üçin özüniň howa giňişligini üpjün edýändir», – diýip Daşary işler ministrligi habar berýär.
18.08.2021
5919
Türkmenistanyň Mazari-Şerif we Hyrat şäherlerindäki Baş konsullar «Taliban» hereketiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdiler
Türkmenistanyň Mazari-Şerif şäherindäki Baş konsuly «Таliban» hereketiniň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi.
18.08.2021
4265
Türkmenistanyň döwlet edaralary döwlet serhedini goramak meselesinde «Talyban» hereketiniň wekilleri bilen aragatnaşyk saklaýar
“Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň we beýleki döwlet edaralarynyň işgärleri döwlet serhedini goramak, serhetden ýük geçirilende, gümrük, sanitariýa, fitosanitar we beýleki barlaglardyr gözegçiliginiň görnüşlerini üpjün etmek boýunça “Talyban” hereketiniň wekilleri bilen sazlaşykly aragatnaşyk saklaýarlar” diýip, Daşary işler ministrligi habar berýär.
18.08.2021
3352
Aşgabat Owganystanda täze döwlet edaralarynyň tiz wagtda dörediljekdigine ynanýar
Resmi Aşgabat Owganystanda ýagdaýyň tizden-tiz kadalaşmagy ugrunda çykyş edýär we ýakyn wagtda Owganystanda ýaşaýan ähli etnik toparlaryň giňden gatnaşmagynda bu ýurtda kanun esasynda täze döwlet edaralarynyň dörediljekdigine ynam bildirýär. Bu hakda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goňşy ýurtdaky ýagdaý bilen baglanyşykly beren beýanatynda aýdylýar.
18.08.2021
2929
Türkmenistanyň Owganystandaky diplomatik we konsullyk edaralary kadaly ýagdaýda işleýär
“Owganystanyň häzirki içerki syýasy ýagdaýy bilen baglanyşyklylykda Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasy we Hyrat hem Mazari-şerifdäki Baş konsullyklary kadaly ýagdaýda işlemegini dowam etdirýärler” diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.