Hyzmatdaşlyk
11.11.2025
3368
Türkmenistanyň DIM-de Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary hanym Jamilýa Hammami bilen duşuşyk geçirildi.
11.11.2025
3012
Türkmenistanyň wekiliýeti CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň 65-nji mejlisine gatnaşýar
2025-nji ýylyň 10-12-nji noýabry aralygynda Wenada Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 65-nji mejlisi geçirilýär. Çärä gatnaşyjylar halkara ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk tertibi boýunça ulgamyny berkitmek, monitoring we barlag ulgamlaryny kämilleşdirilmek, şeýle hem gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeldilmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alnyp maslahatlaşýar.
10.11.2025
3566
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş assambleýasynyň 26-njy mejlisine gatnaşýar
2025-nji ýylyň 7–11-nji noýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) Baş assambleýasynyň 26-njy mejlisine gatnaşýar.
08.11.2025
3721
Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Jakarta şäherinde, Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentiniň köşgünde (Merdeka Palace) Türkmenistanyň Indoneziýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur ş.) M.Maşalowyň Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianto ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabarada Türkmenistanyň döwlet senasy ýaňlandy.
08.11.2025
2990
Türkmenistan «C5+1» formatynda strategik taýdan möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Türkmenistan howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika we daşky gurşawy goramak ýaly strategik taýdan möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga çalyşýar.
08.11.2025
2544
Türkmenistan ABŞ bilen kanun çykaryjylyk işinde hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär
Türkmenistan ABŞ-nyň Kongresi bilen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugry hökmünde görýär.
07.11.2025
4065
Türkmen we amerikan işewürleri özara gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde «Türkmen-amerikan işewürler hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze mümkinçilikleri we geljegi» atly işewürlik maslahaty geçirildi.
07.11.2025
3345
«C5+1» formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahaty
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherinde ýerleşýän Jon Kennedi adyndaky Ýerine ýetirijilik sungaty merkezinde «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» hyzmatdaşlyk formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahaty geçirildi.
07.11.2025
3266
Türkmenistanyň wekiliýeti 12-nji Hytaý-Merkezi Aziýa Hyzmatdaşlyk Forumyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Urumçy şäherinde, SUAR, HHR-de 12-nji Hytaý - Merkezi Aziýa Hyzmatdaşlyk Forumy geçirildi.
07.11.2025
3026
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Hamid Ganbariniň arasynda duşuşyk geçirildi.